Amerikan kompaniýasy daşky gurşawy goramak üçin howany hapalamaýan elektrik ulaglarynyň tarapyna geçjekdigini mälim etdi diýip, “avtovesti.com” habar berýär. Kompaniýanyň wekilleri öz awtoulaglarynyň ählisini elektrik ulaglaryna, ýagny “elektrokarlara” doly çalyşmak üçin 5 ýyldan gowrak wagtyň gerek boljakdygyny mälim edýärler.

Markanyň özgertmeleriniň bu tapgyrynda, olar Kölnde (Germaniýa) ýerleşýän kärhanasynyň doly döwrebaplaşdyrmak we ony täzeden enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Bu üýtgeşmeleri kompaniýa milliardlarça dollar sarp etmeli bolar. Wagt geçensoň, brend belli bir gibrid gurluşly ulaglaryny öndürer. Bulardan başga-da, şeýle üýtgeşmelere kompaniýa 1 milliard dollar sarp etmeli boljakdygy hem bellenip geçilýär.

Şeýle rebrending geçirilenden soň, birneme wagtdan soň, kompaniýa özüniň elektrokarlary bilen tanyşdyrar we Ýewropa iberer diýip, habarda bellenilýär.