Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy täze «Galaxy S21» smartfonynyň hödürlenýän senesini resmi taýdan yglan etdi. Bu dabara onlaýn ýagdaýda geçiriler. «Galaxy S21» smartfony 14-nji ýanwarda sagat 18:00-da «Samsung Newsroom YouTube” kanalynda we kompaniýanyň web sahypasynda onlaýn şekilde ýaýlymda görkeziler.

Täze smartfon, AMOLED diýlip atlandyrylýan ýokary hilli ekran goldawyny alar diýlip garaşylýar. Smartfonlar «Snapdragon» we «Exynos» prosessorlary bilen enjamlaşdyrylar.

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, soňky bir ýylda adamlar öýde işleýärler we köp wagt geçirýärler. Şeýlelikde ykjam tehnologiýalar gündelik durmuşda esasy orny eýeledi. «Samsung» dünýädäki ýagdaý sebäpli gündelik durmuşy has amatly edip biljek enjamlara zerurlygyň artandygyny aýratyn üns çekip, döwrebap tehnologiýalary öndürmegini dowam edýär.