Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew döwlet sapary bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sejtertary Berik Ualiniň “Facebook” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda bellenilip geçilýär.

Gazak metbugatynyň habar bermegine görä,  hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşy aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada gelen Gazagystanyň Prezidentiniň bu saparynyň barşynda iki ýurduň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçiriler.

Taraplar türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşar. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyömalar bolar.

 

Bekhem dünýä çempionatynyň ýüzi bolar