Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana boljak resmi iş saparyny taýýarlamak meselesi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri  Muhtar Tleuberdi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Saparyň öňüsyrasynda  geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk  boýunça Hökümetara toparynyň mejlisi Aşgabatda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde Kasym-Žomart Tokaýewi , ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistana çagyrdy.  Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saýty habar berdi.

Continue reading Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanda resmi iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär at inAshgabat.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]