Singapuryň hökümeti umumy meýdany 700 gektar bolan, bäş etraby öz içine alýan, 42 müň öýden ybarat bolan akylly eko-şäheri gurar. Şäheriň ilkinji binalary 2023-nji ýylda ulanylmaga berler.

Bu eko-şäher atmosferadaky uglerod zyňyndylaryny azaltmaklyk boýunça alnyp barylýan taslamalaryň bir bölegi bolar. Taslamanyň awtorlary geljekde ýaşyl öwüsýän bu şäheri “tokaý şäheri” diýip atlandyrdylar. Eko-şäher öz taslamasynda hereket datçikleri, awtomatiki usulda zibil ýygnamak, şeýle-de ýaşaýjylaryň daşky gurşawa edýän täsirini görkezýän akylly öýlerde sanly ulgam arkaly yşyklandyryş ulgamyny döretmekligi meýilleşdirýär. Merkezleşdirilen sowadyjy ulgam global ýylylygyň öňüni almaga kömek eder. Täsin ýeri, şäheriň içinden ýabany haýwanlar üçin hem ekologiki geçelge geçer. Ýaşaýjylar zarýad beriş stansiýalary arkaly zarýad alýan welosiped hem-de elektrik awtoulag bilen şäheri aýlanyp bilerler. Şeýle-de şäheriň köçeleriniň hem bu täze tehnologiýa laýyk derejede taýyn boljakdygy mälim edildi.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.