Germaniýa Ýewropanyň ykdysady taýdan iň ösen kuwwatly döwletleriniň biridir. Ol «Uly ýediligiň» düzümine girýär we diňe bir Ýewropada däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetinde we syýasatynda hem uly orun eýeleýär. Ilatynyň sany boýunça Ýewropada Russiýadan soň ikinji, jemi içerki önüminiň möçberi boýunça dördünji döwletdir. Germaniýanyň daşary söwdasynyň düzümi dünýä bazaryna iň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän çylşyrymly we köp dürli senagat önümlerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çykaryjy hökmünde häsiýetlendirýär.

Ýurduň meýdany 356,8 müň km2 . Paýtagty – Berlin şäheri. Germaniýa döwlet gurluşy boýunça parlament respublikadyr. Dolandyryş-çäk gurluşy boýunça bu federatiw döwlet bolup, onuň düzümine öz Konstitusiýasy, parlamenti we hökümeti bolan 16 sany federatiw birlikleri («ýerler») girýär.

Germaniýa birnäçe halkara syýasy, harby we ykdysady guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.

Ýewropanyň merkezinde, uly söwda hyzmatdaşlary hasaplanýan (Belgiýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, Fransiýa), şeýle-de onuň bilen etniki ýa-da lingwistiki ýakynlygy bolan ýurtlar (Awstriýa, Şweýsariýa) bilen goňşuçylykda ýerleşmegi Germaniýanyň amatly ykdysady-geografik ýerleşişini üpjün edýär. Şeýle ýerleşişiň möhüm aýratynlyklarynyň ýene-de biri – günbatar-gündogar we demirgazyk-günorta ugurlaryndaky Transýewropa söwda we ulag çatrygynda ýerleşýän merkezi ýagdaýydyr. Ýurduň Baltika we Demirgazyk deňizlerine giň çykalgalarynyň bolmagy, Reýn we Dunaý ýaly halkara ähmiýetli derýalary peýdalanmak mümkinçilikleri, onuň geografiki ýerleşişiniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Tebigy şertleri we baýlyklary. Germaniýa gazylyp alynýan mineral baýlyklarynyň arasynda daş we goňur kömür möhüm ähmiýete eýedir. Esasy kömür çykýan ýerleri ýurduň günbatarynda ýerleşýär. Baý daşkömür ojagy bolan Rur we Saar känleri diňe bir ýurtda däl-de, eýsem tutuş Günbatar Ýewropada hem iň irileridir. Goňur kömrüň gorlary aşaky Reýnde we ýurduň gündogar böleginde bar.

Nebitiň we tebigy gazyň gorlary uly däldir. Ýurduň çäginde uran magdanynyň çykýan ýerleri hem bar (Bawariýanyň günorta-gündogarynda). Germaniýanyň daglyk etraplarynda gurşunyň, misiň, sinkiň, nikeliň, kükürdiň, we galaýynyň uly bolmadyk gorlary bar. Ýurduň gündogar etraplarynda ýerleşýän kaliý we daş duzlarynyň gorlarynyň senagat ähmiýeti bardyr.

Ýurduň çäginde ýeterlik mukdardaky ygally ýumşak klimaty ykdysadyýeti (esasan-da oba hojalygyny) ösdürmek üçin we adamlaryň işlemekleri hem-de dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döredýär. Meýdanyň ýarysyna golaýyny oba hojalyk ýerleri, 30 %-i töweregini bolsa tokaýlar tutýar. Tokaýlar daglarda oňat saklanypdyr. Esasan, günortadan we günorta-gündogardan akýan derýalar içerki etraplaryň deňiz bilen gowy arabaglanyşygyny üpjün edýärler. Olaryň köpüsi kanallar bilen birleşdirilendir, bu bolsa derýa gämi gatnawyna amatly şert döredýär.

Ilaty. Germaniýa ilatynyň sany boýunça Ýewropada iň uly döwletleriň biri bolup, ilatynyň ortaça gürlüginiň örän ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Germaniýada ilatynyň ortaça gürlügi 1 km2 – e 230 adamdan düşýär. Käbir etraplarda bu görkeziji 1 km2 – e 500 adamdan geçýär.

Germaniýa – dünýäniň iň ýokary ilatlaşan ýurtlarynyň biridir. Ýurduň ilatynyň 88 göterimi şäherlerde ýaşaýar/ berlin, Gamburg, Mýunhen, Kýoln, Ştutgart ilatynyň sany 1 mln-dan geçýän iň uly şäherleridir.

Hojalygynyň umumy häsiýetnamasy. Jemi içerki önümiň we senagat önümçiliginiň möçberi boýunça ol diňe ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Hytaýdan yza galýar. Daşarky söwda dolanyşygynyň göwrümi boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Ykdysadyýetiniň iňňän möhüm pudagy senagatdyr. Germaniýa ilkinji alýumin önümini öndürmek boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär.

Germaniýanyň eksportynyň 50 göterimini üpjün edýän, senagatynyň esasy ýöriteleşen pudagy maşyn gurluşygydyr. Awtomobil önümçiliginiň uly kärhanalary Wolfsburgda («Folkswagen» kompaniýasy), Ştutgartda («daýmler-Bens»), Kýolnda («Ford»), Maýn boýunda Frankfurtda («Opel»), Mýunhende («BMW»), Haýlbornnede («Audi») ýerleşýär. Şeýle-de Germaniýa derman serişdelerini öndürmek boýunça hem dünýäde ikinji orny eýeleýär.

Ulag ulgamy. Germaniýa ulag ýollarynyň gürlügi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär. Ýurduň awtomobil ýollarynyň umumy uzynlygy 230 müň km, şonuň 11 müň km-i ýokary tizlikli awtomobil ýollarydyr. Ikinji orunda demir ýol ulagy durýar. Germaniýada ýokary tizlikli demir ýol ulaglarynyň sany barha artýar. Ýurduň daşary söwdasynda deňiz ulagynyň hem ähmiýeti uludyr. Maýn boýundaky Frankfurtda ýük dolanşygy boýunça Ýewropada iň uly howa menzili ýerleşýär. Ýurduň uçar parky örän uludyr. Içerki ýükleri daşamakda derýa ulagynyň ähmiýeti-de uludyr.

Türkmenistan bilen Germaniýa arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Nebit-gaz, dokma, derman senagaty, gurluşyk ýaly ugurlarda nemes şereketleriniň köp sanlysy bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamynda hem türkmen-german gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.

 

Bellik: “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” kitaby esasynda taýýarlanyldy.