«Google» öýde, ýolda, işde iň ygtybarly we elýeter maglumat gözleg platformasy hasaplanýar. Eýsem-de bolmasa, 2020-nji ýylda «Google»-da iň köp näme gözlendikä?! «Google» Türkiýede gözleg netijelerinde tapawutlanan zatlaryň nämedigini yglan etdi.  Gözlegiň netijelerine görä, Türkiýäniň umumy gözleg netijeleri ilkinji üç kategoriýada «EBA», «Daşary ýurt walýutasynda täzelikler» we «Koronawirus» boldy. «Ýer titremesi» dördünji orny eýeledi. «Koronawirus»  dünýäde 2020-nji ýylyň iň köp gözlenen gözleg hökmünde ýüze çykýar. Dünýädäki iýmit taýýarlamak kategoriýasynda türkleriň «çöregi» ikinji, «lahmajun» bolsa sanawda bäşinji orny eýeledi. Ine-de, 2020-nji ýylda iň köp gözlenen gözlegleriň sanawy:

  1. EBA
  2. «Daşary ýurt walýutasynda täzelikler»
  3. Koronawirus
  4. Ýer titreme
  5. ZOOM
  6. Durmuş öýde has oňaýly belgisi
  7. Ýer titreme gözleg merkezi
  8. Köçä çykmak gadaganlygy
  9. Saglyk ministrligi
  10. ABŞ prezident saýlawlary

«Google»-da iň köp gözleg edilen adamlaryň hem sanawyny düzdi.

  1. Jo Baýden
  2. Kim Çen Yn
  3. Kamala Harris
  4. Jeýkob Bleýk
  5. Raýan Nýuman