Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri teleradioýaýlymlarynda tomaşaçylara ýetirilýän Gözel Öwezowanyň «Dolanmaryn» aýdymy köpçülik tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu aýdymyň döreýiş taryhy barada içgin gyzyklanma bilen soranymyzda ussat aýdymçy şeýle gürrüň berdi.

— Her bir eseriň özboluşly döreýiş taryhy bolýar. «Dolanmaryn» aýdymynyň döreýşi hem örän üýtgeşik boldy. Bu aýdym meniň ilkinji eserlerimiň biridir. «Dolanmaryn» aýdymy şahyr Myrat Ömüriň sözlerine düzülen. Aýdymyň sazyny kompozitor Döwlet Baýnazarow döretdi. «Dolanmaryn» aýdymy maňa uly şowlulyklary getirdi. Bu aýdymyň şekilli görnüşi 2009-njy ýylda Ýerbentde teatr artistleriň, şekil düzüji ssenaristleriň ýardam etmeginde özboluşly şekilli görnüş düşürildi. Bu aýdymyň şowly çykmagy üçin birnäçe adam yhlas etdi. Şeýlelikde-de bu aýdym halkymyz tarapyndan iň söýlüp diňlenilýän aýdymlaryň birine öwrüldi. Şu ýerde ýene-de bir zady aýratyn belläsim gelýär. «Dolanmaryn» diýen aýdymym «Türkmen owazy» teleýaýlymynda şekilli görnüşde ýaýlyma berlen ilkinji aýdymymdyr. «Dolanmaryn» aýdymy döräninden soň men birnäçe üstünlikleri gazandym. Olaryň arasynda iň esasysy, bu aýdym döräninden sähel wagt soňra, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen belent ada mynasyp boldum. Bu bolsa, meni döredijilik äleminde zähmet çekmäge ruhlandyrdy.