ABŞ-da geçiriljek 63-nji «Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Ýer ýüzüne täsir eden «Covid-19» pandemiýasy sebäpli yza süýşürilendigi habar berildi.

ABŞ-nyň aýdym-saz dünýäsinde «Oskar» derejesinde durýan 63-nji «Gremmi» baýraklarynyň yglan ediljek maksatnamasynyň Los-Anjelisde 31-nji ýanwarda geçirilmegine garaşylýardy. 63-nji «Gremmi» baýraklarynyň dalaşgärleri 2020-nji ýylyň noýabr aýynda mälim edilipdi. ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň çaklamalaryna görä, bu dabara mart aýynda geçirilmegine garaşylýar.

9 kategoriýada 63-nji «Gremmi» baýraklaryna dalaşgär görkezilen amerikaly pop ýyldyzy Beýons «Gremmi» taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen zenan diýlip bellenildi. Teýlor Swift, Roddi Riç we Dua Lipa 6 kategoriýa boýunça dalaşgärlik edip Beýonsyň yzyndan durýarlar.