Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy — diýlip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Baý­ra­ga­ my­na­syp­ bo­lan­la­ryň ara­syn­da­ dö­re­di­ji­lik­de,­ aý­dym­-sazda,­ sport­da,­ ylym­da,­ bi­lim­de­ ta­pawut­la­nan­ ça­ga­la­ryň­ has­ köp­ bolma­gy­ ýur­du­my­zyň­ ösüş­le­ri­ne­ öz my­na­syp­ go­şan­dy­ny­ goş­jak­ bag­tyýar­ ne­sil­le­riň­ ke­ma­la­ gel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ­ed­ýär.­

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda we welaýat merkezlerinde guralan bu dabara ýokary ruhubelentlik derejesinde guralyp, olarda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolan körpelere şahadatnamalar, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.