Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow 1919-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol Aşgabat pedagogiki institutynyň dil we edebiýat fakultetini tamamlaýar. Bilim ulgamynda — mugallymçylyk edeninden soňra welaýat gazetinde zähmet çekýär. «Ýaş kommunist», «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň redaktory wezipelerinde işleýär. 1950-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar.

Gurbandurdy Gurbansähedow edebi döredijilik işine şahyr hökmünde başlaýar. 1947-nji ýylda onuň goşgular ýygyndysy «Soldat gaýdyp geldi» diýen at bilen neşir edilýär.

Edebiýat taryhynda ene barada köp şahyrlar ençeme goşgulary ýazdylar. Şonuň üçin hem ene barada goşgy ýazyp, ili haýran galdyrmak aňsat iş däl. Emma Gurbandurdy Gurbansähedow «Ene» goşgusy akgynlylygy, çuň manylylygy, çeperçilik taýdan saýlanyp dur. Bu goşgy häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy eserleriniň hataryna girdi.

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp:

«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»

Gün hem diýenmiş nuruny döküp:

«Dünýäniň bar görki enedir, ene!»

Ýazyjy soňra ençeme kyssa, drama eserlerini ýazýar. Dürli ýyllarda onuň çagalar, ýaşlar we uly ýaşlylar üçin «Kyrk teňňe», «Ýürek daş däl», «Suraý», «Çakylyk», «Mähriban adam», «Söýseň» atly kitaplary okyjylara gowuşýar. Ol oba adamlarynyň, türkmen intelligensiýasynyň durmuşyndan söz açýan çeper hekaýalaryň ençemesiniň awtorydyr. Ýazyjynyň hekaýalary rus diline we beýleki halklaryň dillerine terjime edildi.

G. Gurbansähedowyň döredijiliginde «Toýly Mergen» romany aýratyn orun tutýar. Çeperçilik bilen ýazylan bu eser ýazyja abraý getirdi.

G. Gurbansähedowyň «Jennet», «Meňli», «Tawus», «Azaşan ýigit», «Duzuň tagamy» ýaly drama eserler, ýazyjynyň eserleri esasynda döredilen «Aýratyn tabşyryk», «Soňky ýol», «Çöl», «Gämiçiniň jany bir» atly çeper kinofilmler türkmen edebiýatyna we sungatyna uly goşant boldy.

G. Gurbansähedow edebi terjimeçilik işi bilen hem meşgullanýar. Ol rus şahyrlary A.S. Puşkiniň, N.A. Nekrasowyň, azerbaýjan şahyry Samed Wurdunyň, özbek şahyry Hamid Alimjanyň, kuba şahyry Nikolas Gilýeniň, ukrain şahyry Iwan Frankonyň, koreý şahyrlarynyň goşgularyny, daşary ýurt ýazyjylarynyň birnäçesiniň drama eserlerini türkmençä terjime edýär.

G. Gurbansähedow ömrüniň soňky ýyllarynda «Kärizden çykan adam», «Kesekiler» hekaýalaryny ýazdy. Ýazyjy edebi döredijilik we jemgyýetçilik işleri üçin orden-medallar bilen sylaglandy.

Gurbandurdy Gurbansähedow 1992-nji ýylda aradan çykdy.

Bellik: Makala umumy orta bilim berýän mekdepleriň türkmen edebiýaty  kitaby esasynda taýýarlandy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

Beki Seýtäkow (1914-1979)

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]