Şahyr Gurbannazar  Ezizow 1940-njy ýylyň mart aýynyň 1-nde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dünýä inip, Aşgabada göçüp gelenlerinden soň, Aşgabatdaky 29-njy orta mekdebi, soňra hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Gurbannazar zergärler maşgalasynda kemala gelýär. Onuň atasy Hümmet aga ussat zergär bolup, soňra ogly Eziz onuň kesbini dowam etdirýär.ol hem öz gezeginde bu käriň inçe syrlaryny ýalňyz zürýady Gurbannazara açýar. Ejesi Halnabat öý hojalykçydy. Ýanýoldaşy Hally Gurbannazar bakyýete göç eýlänsoň, ýokary bilim alyp, 29-njy orta mekdepde ýaş nesle bilim-terbiýe bermek bilen meşgullanýar. Gurbannazaryň dört gyza  gözi düşüp, aramyzdan gideniniň yz  ýany 1975-nji ýylda ogly Serdar dünýä inýär.

Edebiýat taryhynda, şeýle hem biziň döwrümizde-de, özüniň kimdigini aňmakçy bolup synanyşan şygyr ussatlary az däl. Ady, eserleri ýaşlarymyzyň dilinden düşmeýän,  aramyzdan juda ir giden görnükli şahyrymyz Gurbannazar Ezizow hakynda makalalar, goşgular, oý-pikirler metbugat sahyplarynda kän çap edildi. Ol barada öz kärdeşleri, alymlar, žurnalistler, mugallymlar, bile duz-emek bolan dost-ýarlary az ýazmady. Ýöne Gurbannazar barada daşyndan ýazylan oý-pikirler däl-de, onuň özüniň kimdigini aňjak bolup eden synanyşygy, özi hakda galdyran ýazgylary, setirleri sözleri niçiksi kelamlarka we olary şeýle ýazmaga nähili esaslar bolduka? Şahyryň döredijiliginde şu zeýilli pursatlara üns edip,  şeýle meýilleri yzarlamagyň hem onuň bize goýup giden edebi mirasyny öwrenmekde belli bir manysy-peýdasy az däl.

Hawa, Gurbannazar Ezizowyň öz  ýanynda özüne baha bermek, onda-da ir döwürden baha bermek synanyşygy ýok eken diýsek, lap etdigimiz bolar. Özüňi tanama synanyşyk meýli Gurbannazar Ezizowda juda pesgöwünlik we esewanlyk bilen, kelç-külçsüz, tebigy suratda ýüze çykýar we okyjyny ynandyrýar. Eýsem şahyr şindi 18 ýaşyndaka, 1958-nji ýylda, öz  gündeligine bellän ýazgysynda aýdýan zady beýik Pyragynyň “Turgul diýdiler” goşgusyny ýatladýandygyna garamazdan, ýigdekçe şahyryň durmuşynda bolup geçen ahwalatdygyna betgümanlyk etmek günäsini götermek bolmazmydy näme?!

Gündelikdäki ýazgynyň mazmunyna üns beriň: “Öten agşam düýşüme poeziýa bagy girdi. O ýerde meniň öňümden bagban çykdy, poeziýa bagyndan bir güli ýolup, döşüme dakdy…”

Eýýäm şol döwürlerde şygryýet dünýäsiniň yşkyna mazaly düşüp ýetişen Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Gurbannazar  ýazgylarynyň käbiriniň garalama görnüşindäki şygyrlarynyň aşagyna ne oýundan, ne çyndan:  “Men Puşkinem däl, Baýronam däl heniz, men diňe – G. Eziz” diýen bellik goýardy.  Munuň özi, göräýmäge, degişmä ýakyn ýönekeý bir ýazga meňzese-de onuň şahyrana durkundan, bu ýoldaky, nähilidir, şahyryň öz  geljegine bolan okgunly ynamyndan nyşandy.

G. Ezizowyň özüne baha berşi, döredijilikdäki, durmuşdaky ornuny kesgitlemäge eden synanyşygy örän kiçigöwünlik we salykatlylyk bilen edilen synanyşyklardygyna, “Uly zat uzakdan uz görünýär” diýlişi ýaly, indi-indi, şahyryň aramyzdan gideli bäri ençeme ýyl geçensoň, has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Meselem, onuň döredijiliginde şeýle anyk manyly setirlere duş gelýärsiň:

 

“Hawa, biz beýik däl (zyýany näme!)

Ýöne beýikleri döredýänler biz!”

 

Ýa-da

“Barlygymda pikirim bolsun  ajaýyp,

Gidemden soň gidenligim bildirsin!”

 

Ýa-da ynha, ýaňy otuz ýaşap, ýaňy adygyp, şeýle-de eserleri metbugat sahypalarynda köteklenip ugran mahaly ýazan zatlaryny birlaý gözden geçiren şekilli, pähim-paýhas bilen gaty “gygyrman”:

“Meniň öz ýaşyma uly baham ýok,

Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar” –

diýip, ynam bilen aýdyşyna neneň welilik diýmersiň?!

Mälim bolşy ýaly, şahyr Gurbannazar Ezizow giň bir sährada wepat boldy. Şunuň şeýle boljakdygyny bilip, şahyryň şindi başy dikkä ýazan şu iki setirini okanyňda, “öňünden gören ýaly-da” diýip, welilik meselesinde akyl-huşuň haýran galýar:

“Bu gara topraga ganym siňensoň,

Men hasam mynasyp ýaşamaklyga”.

Şu aşakdaky oýnam setiri okanyňda welin, olar bu aýdylanyň üstüni ýetirip, G.Ezizowyň döredijiliginde welilik meselesine ahyrky nokady goýan ýaly bolýar:

“Adam gezip ýörende

Ýalan ýaly öljegi,

Ýöne uly ölende

Soň bilinýär ölçegi”.

Ýok! “Ýaşanyňa juda degýär bu dünýä” diýen giň gerimli pikir döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän Gurbannazar Ezizowyň edebi mirasynyň üstünden wagt geçdigiçe, gymmaty artýar, manysy çuňlaşýar, şuglasy has ýiti röwüş alýar. Barlygy, manyly ýaşamagy, gözelligi, ynsanperwerligi, ata Watany, ene topragyň ýazu-güýz görküni ussatlyk bilen wasp eden hem wagyz-ündew eden her bir bendiniň-setiriniň mazmuny has aýdyň açylyp, täsiri gitdigiçe ýitileşýär. Pikir öwrüş çeper usulynyň özboluşlylygy, ajaplygy barha açylyp gidýär:

“Özüňi bagtly saý bir ajap pursat,

Sen begenip bilseň adaty zada”.

***

“Aýagymy düzüp döwrüň aýagna,

Sesine ses goşdum beýik döwrümiň”.

***

“Giderin, giderin,

Uzakdyr ýollar,

Söýerin, işlärin, aglap-gülerin.

Kim men, näme

Gadym dünýäň ýüzünde?

Men bulary ölemden soň bilerin”.

Men türkmeniň uly şahyry Gurbannazar Eziz hakda ençeme makala, şeýle hem “Ezizowyň emri bilen” atly kitapça ýazypdym. Şol ýazgylarymda aýdan pikirlerimi gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Umuman, bu şahyryň kimdigine, nämedigine düşünmek, göz ýetirmek üçin diňe haýsydyr bir edebiýatçy alymyň makalasynda mysal getirýän setirlerini okanyň bilen ol barada gutarnykly düşünje çykarjak bolman, onuň tutuş döredijiligini, kitabyny çintgäp seljerip gözden geçirmeli. Diňe şonda onuň durmuşdaky we döredijilikdäki keşbine her kim bir hili, özüçe göz ýetirip biler.

Ýöne şu ýerde bir pursady aýratyn nygtamaly: türkmeniň uly şahyry, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizow , ozaly bilen, gözelligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, söýginiň, ynsanperwerligiň, päkligiň, halallygyň, watanperwerligiň, ynsan mertebesiniň aýdymçysydy. Biziň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk zamanamyzda bu milli häsiýetler her bir raýatyň erkana ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin has möhüm we iňňän gymmatly.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly tagallalary bilen barha joş alýan döwrümizde Gurbannazar şahyryň ölmez-ýitmez eserleri ýaşaýşymyzy gülletmekde täze özgertmeleri, asylly maksatnamalary durmuşa ornaşdyrmakda göwünleri galkyndyrýar, kalplara hyjuw berýär, döwrebap nesli terbiýeläp ýetişdirmekde gymmaty hiç zat bilen ölçelmeýän täsirini ýetirýär.

Ençe ýyl duz-emek bolan dostum oly söýginiň gaýduwsyz esgeridi, serweridi. Onuň ýanýoldaşyna bagyşlap ýazan “Saňa meniň gözlerimden gitme ýok” diýip başlanýan bir ajaýyp goşgusy häzir meniň aňymda at salýar. Ol şeýle setirler bilen jemlenýär:

“Dünýäň her gülünde men seni görýän,

Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok”.

Pasyllar, aýlar, ýyllar aýlanyp dursa, jahan gülleri her baharda täze gunça düwüp, täzeden görk açýar. Baharyň ilkinji güni dünýä inen Gurbannazar şahyryň döredip giden gyzyla berimsiz eserleriniň manysy hem göýäki täzeden açylýar.

Şonuň üçin bu uly şahyra, onuň beýik ruhuna bu dünýäden gitme ýok.

Bellik: Makala şahyryň «Türkmen sährasy» atly goşgulary, sonetleri jemlenen kitaby esasynda taýýarlanyldy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

Beki Seýtäkow (1914-1979)

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)

Berdi Kerbabaýew (1894-1974)

Kerim Gurbannepesow — hazynaly halypa