Türkmenistanyň Merkezi banky, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Altyn-asyr daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen ýerde saýaly, pürli, miweli bag hem-de üzüm nahallaryny ekmek, damjalaýyn usulynda suwarylmagyny üpjün etmek we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen açyk görnüşli

BÄSLEŞIK

yglan edýär

Bäsleşigiň tehniki häsiýetnamasyny almak üçin isleg bildirýän taraplar öz tekliplerini şu salga ýollap bilerler:

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy jaýy.

Türkmenistanyň Merkezi banky.

Iş wagty: duşenbe — şenbe günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli.

Arakesme wagty: sagat 13:00-dan 14:00-a çenli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda hökmany ýagdaýda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 38-12-37, 38-10-27