- Uzynlygy 3911 metr bolan Ýaponiýadaky Akasi-Kaýkýo köprüsi dünýäniň iň uzyn asma köprüsi diýip hasaplanylýar.
- 1983-nji ýylda tanymal iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 26 roman ýazdy. Ýazyjynyň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
- Açyk gözler bilen asgyrmak mümkin däl.
- Jemi 7 sany notanyň bardygy hemmämize mälim. Emma pianino saz guralynda jemi 88 klawişa/düwme bardygyny bolsa köpler bilmeýär.
- Telefon (telephone) Grek tele we fon sözlerinden gelip, tele – uzak aralyk we fon – ses diýmegi aňladýar.
- Iň uly göwrümli poema X asyrda ýaşan Firdöwsiniň “Şanama” eseridir.
- Oliwýe işdäaçary XIX asyrda ýaşap geçen Fransuz aşpezi Lýusýen Oliwýe oýlap tapypdyr.
- 1790-njy ýyllarda ilkinji welosipede meňzeşräk “Celerifere” (tizlik) atly ulagy fransuz Komt de Siwrak işläp taýýarlapdyr. Bu ulagyň pedaly bolman, ol aýagyňy ýere basmak arkaly hereket edipdir.