Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara sergi uly ruhubelentlige beslendi. Sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça gazanylanlar, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary sergilendi. Geliň, bu halkara sergini ýatladýan ýakymly pursatlara syn edeliň.