Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça
HALKARA BÄSLEŞIK
yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 23-nji dekabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36; 44-46-64; 44-47-56.