2021-nji ýylyň tomsunda Ispaniýanyň “Barselona” futbol topary öňki oýunçysy Hawi Hernandez tälimçilik wezipesine bellemek isleýärler. Bu barada “TASS” habar gullugy “La Gazzetta dello Sport” neşiriniň žurnalisti Nikolo Skira salgylanyp habar berýär. Häzirki wagtda Hawi Katar döwletiniň “Al–Sadd” futbol toparynda tälimçilik wezipesinde işleýär. Bu toparda özüniň futbol karýerasyny hem tamamlapdy.

Hawi Hernandez “Barselona” toparynda ýetişýär. 1998-nji ýylda toparyň esasy düzüminde oýnamaga başlaýar, 2015-nji ýylda bolsa bu topardaky oýnuny bes edýär. Şol döwründe 8 gezek Ispaniýanyň çempiony, 3 gezek Ispaniýanyň kubogynyň eýesi, 4 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Mundan başga-da Hawi toparyň rekordçysy hasaplanylýar.

Ol Ispaniýanyň çempionatynda (505), Çempionlar ligasynda (151) duşuşykda oýnady. Ispaniýanyň futbol milli ýygyndysynda 2 gezek Ýewropa çempiony, 1 gezek dünýä çempiony, şeýle hem 2000-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medalyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda “Barselona” toparyna niderlandly Ronald Kuman tälim berýär.