Geçirilen gözleglere görä, Türkiýede ýaşaýan bir adam günde 7 sagat 57 minut internetde geçirýär. Maglumatlara görä, jemgyýetçilik torlarynda sarp edilýän wagt günde 2 sagat 57 minuta barabar boldy.

Hasabatdaky häzirki maglumatlara görä, geçen ýyl Türkiýede jemgyýetçilik torlaryny ulanyjylaryň sany 6 million artyp, 60 milliona ýetdi. Bu bolsa, Türkiýäniň umumy ilatynyň takmynan 70 göterimi ulanyjynyň bardygyny aňladýar.

Türkiýäniň maglumatlaryna görä, ortaça her bir internet ulanyjy günde 7 sagat 57 minut internetde geçirýär. Internetde sarp edilen jemi 3 sagat 13 minut onlaýn teleýaýlym üçin, täzelikleri okamak üçin 1 sagat 33 minut we aýdym diňlemek üçin 1 sagat 35 minut wagt berilýär diýlip habarda bellenilip geçilýär. Şeýle hem her bir ulanyjynyň Türkiýede gündiz jemgyýetçilik torlaryna sarp edýän ortaça wagty 2 sagat 57 minut hökmünde hasaba alyndy.

Türkiýede jemgyýetçilik torlarynda 1-nji “Youtube” (94,5 göterim), 2-nji “Instagram” (89,5 göterim), 3-nji “Whatsapp” (87,5 göterim), 4-nji “Facebook” (79 göterim) we “Twitter” 5-nji ýerde (72,5 göterim) durýar.