Häzirki wagtda jahankeşdeler syýahatçylyk merkezleri bilen aýratyn gyzyklanyp başlady. Eýsem-de bolmasa Hindistana syýahat etmek isleýärsiňizmi? Hindistanyň hökümeti koronawirus sebäpli syýahatçylyk ulgamyny has-da işjeňleşdirmek maksady bilen ýurtda kesgitlenen 15 taryhy sebite baryp görýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ähli çykdajylarynyň döwlet tarapyndan tölenjekdigini habar berdi.

Hindistanyň Syýahatçylyk ministrligi 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň demirgazygyndaky we günortasyndaky ähli ýerleri öz içine alýan syýahatçylyk ýolunyň täze taslamasy taýýarlady. Şoňa görä-de, ýurtda ministrlik tarapyndan kesgitlenen azyndan 15 nokada çykdaýjysyz baryp görmek, syýahat etmek, mümkin. Şolaryň hatarynda, dünýäde meşhurlyga eýe bolan Täç Mahal binasynyň hem bardygy nygtalyp geçildi. Täç Mahal jahankeşdeleriň Hindistan döwletindäki ilkinji düşelgesidir.