«Hojaýyn Çaga» (The Boss Baby) animasiýasy filmi körpeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Onuň dowamy 2-nji bölümi bolan «The Boss Baby 2: Family Business» ady bilen indiki ýyl ýaýlyma bermek meýilleşdirilýär. Çagalar üçin niýetlenen bu ekran eseri 2021-nji ýylyň sentýabryna ýaýlyma berler. «Hojaýyn Çaga» multfilmi Marla Fraziniň 2007-nji ýyldaky çagalar kitaby esasynda döredildi.

Bu filmiň birinji bölümi “Universal Pictures” studiýasy tarapyndan 2017-nji ýylda ýaýlyma berildi. Animasiýa filmiň nobatdaky dowamynyň görkeziliş senesi 2021-nji ýylyň 26-njy martyndan 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabryna çenli yza süýşürilendigini habar berildi. Multfilmiň ikinji bölüminiň ýaýlyma berilmegine çagalar sabyrsyzlyk bilen garaşýar.