«Huawei» ulanyjylarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan «Mate 40» modeli tanyşdyryldy. Ine indi “Mate 40”, “Mate Pro” we “Mate 40 Pro +” modelleri indi ulanyjylara ýakyn wagtda gowşar. Dürli aýratynlyklary bilen köpleriň ünsini özüne çekýän akylly telefonlar, tehnologiýa bazarda beýleki modeller bilen bäsleşer. Geliň, olaryň aýratynlygy bilen tanyş bolalyň.

Mate 40” aýratynlyklary we bahasy:

6,5 dýuým ululygy we 90Hz täzelenme tizligi bilen 2376 × 1080 piksel durulykda OLED displeýi bilen üpjün edilýär we seriýadaky beýleki modeller ýaly Kirin 9000 prosessor bilen üpjün edilýär.

5nm önümçilik prosesini başdan geçiren Kirin 9000, içindäki 5G modem goldawy bilen sarp edijileri haýran galdyrýan ýaly. Şol bir wagtyň özünde, täze prosessor, “Samsung Galaxy Note 20” modellerine kuwwat berýän Snapdragon 865-den öňe geçmegi başardy.

8 Gb RAM we 128 Gb ammarly telefonyň arka tarapynda üç kamera, 50MP + 16MP + 8MP bar. “Mate 40” -yň öň tarapynda ýekeje 13 MP kamera bar. Mundan başga-da, telefon 5X optiki ýakynlaşdyrmagy goldaýar.

66W çalt zarýad beriş goldawy bolan 4200 mAh akkumulýatorly telefonyň bahasy 899 ýewro diýlip yglan edildi — diýlip, “ensonhaber.com” saýtynda aýdylýar.

Mate 40 Pro” akylly telefonyň bahasy:

Bu aýratynlyklaryň hemmesi bilen “Huawei Mate 40 Pro” 1199 ýewro bahasy bilen satuwa çykaryljakdygy “ensonhaber.com” saýtynda aýdylýar.

Mate 40 Pro +” aýratynlyklary we bahasy:

Huawei Mate 40 Pro + serialyň iň güýçli modelidir. 6,76 dýuým 2772 × 1344 piksel 120 Hz OLED ekrany bolan bu telefon doly 12 Gb RAM we 256 Gb ammar bilen üpjün edilýär.

Telefonyň arka tarapynda 50 megapiksel f / 1.9 + 20 megapiksel f / 1.8 ultra giň burç + 12 megapiksel f / 3.4 telefon kamerasy bilen üpjün edilen.

66W çalt zarýad beriş goldawy bilen 4400 mAh akkumulýatorly “Huawei Mate 40 Pro +” 1399 ýewro bahasy bilen elýeterli bolar diýip ýokarda agzalan saýtyň habarynda aýdylýar.