Ekran tehnologiýalarynyň eplenýän smartfonlaryň ösmegi netijesinde öndürijiler bu bazarda özleriniň ussatlygyny görkezmek isleýärler. 2019-njy ýylda «Mate X» modeli bilen eplenýän smartfon bazaryna giren «Huawei» kompaniýasy täze eplenýän smartfonyny ýagny «Mate X2» modelini resmi taýdan hödürledi. Geliň indi bolsa, «Huawei Mate X2» modeliň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.

«Huawei Mate X2» -iň daşynda «Samsung» -yň «Galaxy Fold» modelindäki çemeleşmesine meňzeş ikinji ekrany bar. Smartfonyň birinji ekrany 8 dýuýma deň bolup 2480 x 2200 durulyga, daşky ekrany bolsa 6,45 dýuým bolup 2700 x 1160 durulyga barabar. Şeýle hem, iki ekranyň OLED panelini we 90 Hz täzeleniş tizligini hödürleýändigi aýdylýar.

Geçen ýyl ilkinji gezek «Mate 40 Pro» modeli bilen tanyşdyrylan «Kirin 9000» prosessory bilen işleýän «Huawei Mate X2» 8 Gb RAM we 55W çenli zarýad alyp bolýan 4,400 mAh akkumulýator bar.

Telefonyň arka tarapynda 4 kamera ornaşdyrylan. Bu kameralar 50 megapiksel giň burç, 16 megapiksel ultra giňlik, 3x optiki ýakynlaşdyrma bilen 12 megapiksel telefon we 10x optiki ýakynlaşdyrma bilen 8 megapiksel «SuperZoom» kamera hökmünde görkezilýär. Telefonyň selfi kamerasy 16 megapiksele barabardyr.

Mawy, gülgüne, gara we ak reňklerinde 25-nji fewralda Hytaý bazarynda elýeterli bolar. Huawei Mate X2-iň haçan beýleki ýurtlarda satuwa çykaryljakdygy entek belli däl.