Hytaý 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda ABŞ-dan öňürtdi. Geçen ýyl Hytaý bilen ÝB-niň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy 709 milliard dollara çenli baryp ýetdi. ABŞ ― ÝB hyzmatdaşlygy bolsa 671 milliard dollar boldy.

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaý ykdysadyýetinde azda-kände haýal-ýagallyga ýol berlen hem bolsa, ýurt dessine özüni dürsemegi başardy. Munda Ýewropa Bileleşigine agza döwletlerden hytaý önümlerine bolan islegiň artmagynyň hem täsiri bardyr. Başgaça aýtsak, pandemiýanyň dünýä ykdysadyýetine agyr ýara salan 2020-nji ýylda Ýer ýüzünde ykdysady ösüş babatynda Hytaý bilen hiç bir döwlet bäsleşip bilmedi.

Geçen ýyl Hytaý Ýewropa döwletlerinden awtoulag we beýleki ýokary hilli önümleri satyn aldy. Ýewropanyň iri kompaniýalarynda öndürilen lukmançylyk enjamlaryna hem Hytaýdan gyzyklanma uly boldy. Hytaýyň Ýewropa bazaryna çykaran önümleri bolsa has köp.