Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, “mawy ýangyjyň” esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu barada habar bermek bilen, “Sinhua” habarlar agentligi we beýleki habar beriş serişdeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň eýýäm 11 ýyl bäri durnukly işläp gelýändigini belleýärler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň (Western Pipeline Company) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan tebigy gazyň 39 milliard kubmetre golaýy iberildi. 2009-njy ýylda gazgeçirijiniň işe girizilen pursatyndan bäri bolsa, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň iberilen umumy mukdary 336 milliard kubmetrden hem geçdi.

Bu gazgeçiriji Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy baglaýan strategik taýdan möhüm energetika ulgam bolup durýar. Ol ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, onuň durnukly işlemegi Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” ösüşe geçmäge ýardam etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz HHR-niň welaýatlarynyň we awtonom etraplarynyň 27-ine, şeýle hem Gonkongyň ýörite dolandyryş etrabyna iberilýär, olarda ilatyň sany 500 million adamdan hem geçýär.

Häzir Türkmenistanda halkara ulgamyň çig mal binýadyny berkitmek hem-de düzümini ösdürmek boýunça işler dowam edýär.