Taryhyň haýsy döwrüdigine garamazdan, zenanlar özüne timar bermegi ýanyndan aýyrmadyk bolarly. Muny ýaňy-ýakynda Hytaýda ýüze çykarylan täsin tapyndy hem subut edýär.

Has takygy, «Daily Mail» neşiriniň ýazmagyna görä, Hytaýda taryhy 2700 ýyla çenli uzaýan ýüz kremi tapyldy.

Maglumatlarda bu kremiň gadymy hytaý mazarlarynyň birinden tapylandygy ýazylýar. Onuň ýanynda ony sürtmek üçin niýetlenen enjamlar hem bar eken.

«Bu tapyndy kosmetikanyň Hytaýdaky taryhy barada täze çaklamalara sebäp döredýär. Şol ýyllarda gadymy Hytaýda kosmetika ösüşiniň ilkinji basgançaklaryna gadam goýan bolmagy mümkin» diýip, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň beýanatynda aýdylýar.