Singapur ilkinji awtoulag maýa goýumlaryny “Hyundai”-den aldy. Kompaniýa 300 million dollar maýa goýum bilen ýurtda elektrik ulaglaryny öndürer.

Häzirki wagtda elektrik ulaglary meşhur bolansoň, köp awtoulag öndürijileri dürli ýurtlara maýa goýup başladylar.

Bu öndürijilerden biri bolan “Hyundai”, elektrik ulaglary öndürmek üçin Singapura 300 million dollar maýa goýdy. Göz öňünde tutulýan maýa goýumlary bilen ýurtda Ylmy-gözleg merkezini açandygyny mälim eden bu kompaniýa, häzirlikçe az mukdarda elektrik ulagynyň önümçiligine ünsi jemlär.

2040-njy ýylda içerki ýangyç awtoulaglaryny ýollardan aýyrmagy maksat edinýän Singapur “Hyundai” maýa goýumy bilen ilkinji gezek awtoulag önümçiligini kabul eder.