Dünýädäki ilkinji altyn çaýylan myhmanhana Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde ýerleşýär. «Dolce Hanoi Golden Lake» diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp myhmanhana «Altyn köl» ady bilen hem meşhurdyr. Binanyň içidaşy altyn bilen örtülendir. Täsin desganyň daşyna 1 tonna golaý altyn sarp edil­ýär. 25 ga­ta ba­ra­bar bolan özboluşly myhmanhana 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 2-sine açyldy. Myhmanhana­da 342 sa­ny bi­ri-bi­rin­den tapawutlanýan döwrebap myhman otaglary bar. Şeýle hem, myhmanhananyň 12-nji gatynda ýygnaklar we konferensiýalar üçin döredilen ýörite giň zallar bar. «Dolce Hanoi Golden Lake» myhmanhanasy özboluşly bezeg aýratynlygy bilen dünýäniň abraýly baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldy.