Hytaýda ýerleşýän «OnePlus» tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Pit Lau kompaniýanyň akylly sagatlary önümçiliginiň barha ösdürilýändigini tassyklady.

Indi birnäçe ýyldan bäri smartfon bazarynda tanalýan Hytaýda ýerleşýän «OnePlus» markasy soňky döwürde akylly sagat bäsdeşligine girmegi dowam edýär.

Kompaniýa indi ýene-de sanlyja günden «OnePlus Watch» atly ilkinji akylly sagadyny ulanyjylara hödürlär. Dünýäniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän bu täsin tehnologiýa kompaniýanyň baş direktory tarapyndan resmi taýdan tassyklandy.

Şahsy «Twitter» hasabynda bu barada teswir ýazan baş direktor Pit Lau, modeliň goýberiljek senesi barada-da durup geçdi. Berilýän maglumata görä, «OnePlus» tarapyndan işlenip düzülen akylly sagat indiki ýylyň başynda elýeterli bolar.