«Amazon.com.tr» web saýty 2020-nji ýyl boýunça iň köp okalan kitaplaryň sanawyny yglan etdi. Bu sanaw esasan hem, türk okyjylarynyň bu döwürde kitaba bolan islegiň artmagy netijesinde düzüldi. «Amazon.com.tr» saýtynyň 2020-nji ýylda iň köp satylan sanawynda Wiktor Gýugonyň «The Last Day of a Death row», Jorj Orwelliň «Haýwanlar fermasy» we «1984», Franz Kafkanyň «Üýtgeşme» (Transformation) we Hose Saramagonyň «Körlük» (Blindness) edebi we çeper kitaplar hem iň meşhur eserleriň hataryna girdi.

«Amazon.com.tr» web sahypasynyň kitap kategoriýasynyň 2020-nji ýylda iň köp satylan 20 eseri aşakdakylardan ybaratdyr.

  • Altynjy Hüjre – (Sixth Ward) Anton Pawlowiç Çehow
  • The Last Day of a Death row – Wiktor Gýugo
  • Bir ömüri nähili ýaşamaly?: Durmuşda dogry saýlamak üçin teklipler (Bir Ömür Nasıl Yaşanır?) – Ilber Ortaýly
  • Üýtgeşme – (Transformation) Franz Kafka
  • Haýwanlar fermasy – «Animal Farm» Jorj Orwell
  • Adam näme bilen ýaşaýar? – (İnsan Neyle Yaşar?) Lew Nikolaýewiç Tolstoý
  • Gyzyl duşenbe – «Red Monday» Gabriel Garsiýa Markes
  • Körlük – (Blindness) Hose Saramago
  • Martin Eden – Jek London
  • Otuz million söz: Çagaňyzyň beýnisini kämilleşdiriň – Dana Suskind
  • Söweş sungaty (The Art of War) – Wiktor Gýugo
  • Süýji pyrtykal – (Candy orange) Hose Mauro De Waskonselos
  • Alhimik – Paulo Koelho
  • God of the Flies – William Golding
  • Defense of Socrates – Platon
  • Jenaýat we jeza (Crime and Punishment) – Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewski
  • Gizlin bellikler (Notes from the Underground) – Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý
  • Ýüzükleriň hökmürowany (1-2-3 tom): (The Lord of the Rings) – J.R.R. Tolkien
  • Iki diň – (Two Towers) – J.R.R. Tolkien

Taýýarlan Täçsoltan Seýitmämmedowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.