ABŞ-da ýaşaýan 12 ýaşly Haddon Haste «Lego Star Wars Millennium Falcon Micro Warrior» lego oýnawaçlaryny 1 minut 59,72 sekuntda ýygnamagy başardy. Şeýlelik bilen ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

DHA-nyň habaryna görä, 12 ýaşly Haddon Haste 100 bölekden ybarat bolan toplumy 1 minut 59,72 sekuntda jemlemegi başardy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Haste metbugat işgärlerine öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:

— Ähli ýer çäklendirme girizilen döwürde, hemmeler öýde bolanda, wagtymy has peýdaly zatlara sarp etmek maksady bilen üýtgeşik bir zatlar etmek isledim. Has dogrusy, nähili hem bolsa bir rekord täzelemegi maksat edindim. Şeýlelikde «Lego» böleklerini tiz ýygnamaga synanyşdym. Wagtyň geçmegi bilen öňümde goýan myradyma ýetmegi başardym. Üstünlik gazananyma diýseň begenýärin.