Bütindünýäde elektrik ulaglarynyň sany barha artýar. Şonuň netijesinde hem birnäçe sany maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Tehnologiýa kompaniýalary döwrebap batareýa ulgamyny işläp düzmek boýunça birnäçe işler alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglaryna bolan gyzyklanmanyň artmagyny dowam etdirýär. Köp kompaniýalar, esasanam «Tesla» batareýa meselesini doly çözmegi maksat edinýärler. Awtoulag öndürijileriniň maksady zarýad beriş wagtyny mümkin boldugyça gysgaltmak.

Ysraýylyň «Storedot» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen we Hytaýda öndürilen täze batareýalar elektrik ulaglarynyň zarýad beriş wagtyny üýtgeder. Täze batareýalar ulaglara bäş minudyň içinde doly zarýad bermäge mümkinçilik berer.

Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli bäş minutda 160 kilometre ýetmek üçin ýeterlik zarýad aljak batareýalary öndürmegi maksat edinýär.