Türkmen dilinde we Iňlis dilinde gepleýän ilkinji sanly Akylly Sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy we Türkmenistan we dünýä habarlaryny gündelik  gyzgyny bilen Size ýetirip duran “Atavatan” Applikasiýasy  Instagram bäsleşigini yglan edýär. Siz offline  hem işleýän  Makul Sözlük Applikasyýasyny  şu ýere basyp ýa-da “Google Play” elektron dükanyndan “makulsözlük” ýazyp, ýükläp bilersiňiz. Siz şeýle hem, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  “Atavatan” Applikasiýasyny şu ýere basyp ýükläp, ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikleri gyzgyny bilen okap bilersiňiz

Bäsleşigiň şertleri:

  1. Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň Instagram hasabyndan (@atavatanturkmen) şu bäsleşik barada  açylan habara  (Instagramdaky bu  habary şu ýere basyp tapyp bilersiňiz) öz teswiriňizi ýazyp bäsleşige gatnaşyp  bilersiňiz!
  2. Teswiriň mowzugy : Söýgi. Ýazylan söýgi setirleri ýa-da teswirler ortaça  10-50 sözden ybarat bolmaly. Söýgi baradaky ajaýyp we ýatda galyjy teswirler Siziň ýeňiji bolmagyňyza öz täsirini ýetirer.  Goşgy kabul edilmeýär. Daşary ýurtly şahslaryň söýgi baradaky aýdan täsirli sözleriniň terjimesi awtoryň öz pikrini goşmak bilen bäsleşige hödürläp
  3. Teswirler biriniň hukugyny kemsidiji bolmaly däl, we jemgyýet tarapyndan kabul edilen umumy ahlak kadalarynyň çäginde bolmalydyr.
  4. Bäsleşik 9.01.2021 senesinde başlaýar we 14.02.2021 senesinde tamamlanýar. Ýaşlaryň söýgüli baýramlarynyň biri bolan 14-nji Fewralda bäsleşik jemlenýär. Siziň her biriňiz öz ajaýyp söýgi setirleriňiz (teswirleriňiz) bilen adamda ýakymly duýgulary oýarýan bu ajaýyp bäsleşigiň ýeňijisi bolup bilersiňiz.
  5. Bäsleşige birnäçe teswir bilen gatnaşyp bilersiňiz, şonda, iň köp “halanan” alan bir teswiriňiz hasaba alnar. Bir şahs birnäçe baýrakly orna eýe bolup bilmez. Eger de Siziň birnäçe Instagram hasabyňyz bar bolsa, onda diňe bir hasabyňyzdan bäsleşige gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris.
  6. Bäsleşikde diňe “Söýgi” baradaky teswirlere berilen “halanan” ballar hasaba alnar. Haýsy-da bolsa “söýgi” bilen baglanşykly bolmaýan ähli teswirler wagtal-wagtal emma iň giç 10 Fewral 2021 senesinde pozular we diňe bäsleşigiň mowzugy bilen baglanşykly teswirleriň “halananlary” sanalar.
  7. Şeýle görnüşdäki bäsleşigi ilkinji gezek geçirýänligimiz sebäpli, bäsleşigiň has täsirli geçmegi üçin, bäsleşigi gurnaýjylar, bäsleşigiň şertlerinde käbir üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň edip biljekdigini şuwagtdan yglan edýär.

 Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşyjy

  1. Instagram hasabymyzy (@atavatanturkmen) yzarlamaly
  2. Ýokaryda bellenen şertlerde Instagramdaky şu habaryň aşagyna (habary tapmak üçin şu ýere basyň) teswirini ýazmaly. Teswir ýazaňyzda “bäsleşige… diýen söz bilen başlap teswiriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Sebäbi haýsy teswiriň bäsleşik üçin ýazylanlygyny anyk bilmek üçin şeýle şert hökmany!
  3. Android ulgamyndaky “Atavatan Türkmenistan” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy we “Makul Sözlük” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy ýükläp almaly. Eger Siziň telefonyňyz Android ulgamynda işlemeýän bolsa, onda Siz bir tanşyňyzyň Android telefonynda şeýle amallary edip bilersiňiz!
  4. Kompýuterlerdäki “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyşu ýere basypýükläp almaly we onuň aşagyna teswir ýazmaly we ýyldyzlaryň üsti bilen bal bermeli!
  5. Google Plaý marketde ýokarda agzalan her iki applikasiýa boýunça şol ýerde bal bermeli, ýagny ýyldyzlaryň üsti bilen baha bermeli we applikasiýany ulanyp, olar barada öz teswiriňizi şol ýere ýazmaly.
  6. Şol teswirleriňizi we mobil telefonyňyzdaky  Applikasiýalaryň suratyny bize ibermeli (@turkmenlawyer hasabyna Instagram message üsti bilen iberilmeli).
  7. Bäsleşikde iň köp “halanan” teswirleriň 14-si ýeňiş gazanar.

Baýraklar

Bäsleşigimiz  14-nji Fewralda jemlenýändigi üçin jemi 14 sany baýrak Size garaşýar!

  1. Iň köp “halanan alan” teswire, ýagny 1-nji orna -500 Manat
  2. Ikinji orna 475 manat
  3. Üçünji orna 450 manat
  4. Dördünji orna 425 manat
  5. Bäşinji orna 400 manat
  6. Altynjy orna 375 manat
  7. Ýedinji orna 350 manat
  8. Sekizinji orna 325 manat
  9. Dokuzynjy orna 300 manat
  10. Onunjy orna 275 manat
  11. Onbirinji orna 250 manat
  12. Onikinji orna 225 manat
  13. Onüçünji orna 200 manat
  14. Ondördünji orna 100 manat