Birnäçe sagat mundan öň “iPhone 12” modelleri tanyşdyryldy. “iPhone 12 mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” aýratynlyklary we bahalary barada nämeleri bilýäris.

“iPhone 12” modelleriniň tanyşdyryş dabarasy bütin dünýä täsir eden koronawirus sebäpli birneme yza süýşürildi. Adatça sentýabr aýynda hödürlenmegi meýilleşdirilen täze modeller, epidemiýa sebäpli kompaniýa bu dabaryny oktýabr aýyna yza süýşürildi.

Garaşylýan gün geldi. “Apple” kompaniýasy birnäçe sagat mundan öň “iPhone 12” modellerini hödürledi. Bu modeller, öň siziň bilen paýlaşyşymyz ýaly, “iPhone 12 mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max”.

Dizaýn taýdan “iPhone 12” modellerinde kän bir üýtgeşiklik bolmasa-da, esasanam telefonlaryň apparat aýratynlyklary we 5G goldawy “iPhone 12” modellerini görkezýän aýratynlyklaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär.

Zarýad berijisiz geler

“iPhone 12” modelinde zarýad beriji adapteriň telefon gutusyndan çykmajakdygy belli edildi — diýip, “ensonhaber.com” saýty habar berýär.

 

 

iPhone 12”-iň aýratynlyklary

iPhone 12: Gara, ak, ýaşyl, gök we gyzyl reňklerde bolar. 2532 x 1170 durulykda we 6.1 dýuýmlyk “Super Retina XDR OLED” ekrany bolan “iPhone 12” modeli bilen, “Apple” köne tekiz “iPhone” dizaýnyna gaýdyp geldi. Şol bir wagtyň özünde bu ekranyň piksel dykyzlygy 460 ppi we täzeleniş tizligi 60Hz barabar. “FaceID” (eýesiniň ýüzüni tanaýan) tehnologiýasyny öz içine alýan akylly telefon birnäçe aýratynlyga eýedir.

5nm arhitekturasy bilen öndürilen “Apple” -iň “A14 Bionic” prosessor bilen işleýän “iPhone 12” 5nm prosessor ulanan kompaniýanyň ilkinji smartfonydyr. Bu enjamyň 6 prosessor ýadrosy we 4 grafiki ýadrosy bar. “Apple” kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu prosessor islendik “android” telefonyndan 50 göterim çalt işleýär.

Kamera aýratynlygy

Indi “iPhone 12” kamera aýratynlyklaryna geçeliň. Telefonyň arka tarapynda goşa kamera duş gelýäris. Bu kameralaryň birinde 12MP F / 1.6 draýwer bar, beýleki kamerada 12MP durulyk we F / 2.4 draýwerli ultra giň burç ulgamyny hödürleýär. iPhone 12” -iň bahasy 799 amerikan dollara barabar bolar.

iPhone 12 mini” aýratynlyklary

“iPhone 12 Mini” “iPhone 12” seriýasyndaky iň kiçi we arzan telefondyr. 5.4 dýuým ekranly telefon 4K 60fps çenli wideo ýazga alyp biler.

“Apple” -iň A14 prosessory bilen işleýän bu telefon 5G birikmesini hem goldaýar. “Apple” -iň habaryna görä, “iPhone 12 Mini”; Dünýädäki iň kiçi, iň inçe we iň ýeňil 5G bilen işleýän telefon bolar. iPhone 12 Mini” 699 bahasy bilen “Apple” -iň iň arzan “iPhone 12” modeli bolar.

iPhone 12 Pro”-yň aýratynlyklary

“IPhone 12 Pro” -da “Super Retina XDR 6.1 dýuým” ekran ululygy bar we ähli “iPhone” modelleri ýaly “A14 Bionic” prosessor bilen işleýär.

Ähli täze modeller 5G ýokary tizlikli internet ulgamy bilen geldi.

Täze modelleriň bahalary:

Bu akylly telefonlaryň bahasy barada “Forbes.com” saýty şeýle habar berýär.

  • iPhone 12 mini – 64GB ($649), 128GB ($699), 256GB ($799)
  • iPhone 12 – 64GB ($749), 128GB ($799), 256GB ($899)
  • iPhone 12 Pro – 128GB ($999), 256GB ($1099), 512GB ($1299)
  • iPhone 12 Pro Max – 128GB ($1099), 256GB ($1199), 512GB ($1399)