Italiýa birnäçe durmuş-ykdysady görkezijileri boýunça Ýewropanyň we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girýär.

Italiýa Apennin ýarymadasyny, Padan düzlügini, Alp daglarynyň günorta eňňitlerini, Sisilýany, Sardiniýany we başga-da birnäçe ownuk adalary öz içine alýar. Ýurduň umumy tutýan meýdany 301,2 müň km2 . Italiýa Ortaýer deňziniň merkezinde ýerleşmek bilen örän amatly ykdysady-geografik we geosyýasy ýerleşişe eýedir.

Italiýa Respublikasy – dünýäde medeniýetiň we siwilizasiýanyň iň gadymy ojaklarynyň biridir. Italiýa –unitar parlament respublikasydyr. Paýtagty – Rim şäheri. Bu döwlet birnäçe halkara guramalar bilen şol sanda BMG,  Ýewropa Bileleşiginiň işjeň agzasydyr. Dolandyryş-çäk taýdan Italiýa 20 welaýata bölünýär.

Tebigy baýlyklary. Italiýanyň territoriýasynyň 77% -ini daglar we baýyrlyklar tutýar. Bu döwlet gazylyp alynýan mineral baýlyklara baý däldir. Ýöne onuň dürli etraplarynda molibdeniň, simabyň, talkyň, sinkiň, gurşunyň, kömrüň, gipsiň, kükürdiň uly bolmadyk gorlary bar. Şeýle-de çäkli gorlary bolan nebit, tebigy gaz, demir magdany, hem duş gelýär. Şonuň üçinde sarp edilýän mineral çig malyň 83%-ini we ýangyjyň 85%-ini daşary ýurtlardan satyn alýar.

Ýurduň klimat baýlyklary  bu ýerde ekerançylygyň dürli pudaklaryny ösdürmek üçin amatlydyr.

Ilaty. Italiýa Ýewropada köp ilatly ýurtlaryň biridir. Rim, Milan, Neapol, Turin ilatynyň milliondan geçýän uly şäherleriniň biridir.

Hojalygy. Italiýa «Uly ýedilige» girýän, ÝB-niň işjeň agzalarynyň biri bolan, ykdysady taýdan ösen döwletdir. Onuň ykdysadyýeti köp ugurly bolup, durmuş-ykdysady görkezijileriniň köpüsi boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýär. Hyzmatlar ulgamynda ýurduň JIÖ-niň 71% -i döredilýär. Ykdysady işjeň ilatyň bolsa 68%-i meşgullanýar. Dünýäniň senagat önüminiň 3,4 %-i Italiýanyň paýyna düşýär (dokuzynjy orny eýeleýär). Ol daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sany boýunça dünýäniň 5-nji döwletidir. Ýurduň senagaty JIÖ-iň 19,5 %-ini berýär.

Maşyn gurluşygy Italiýanyň senagatynyň esasy öňdebaryjy pudagydyr. Ýurtda öndürilýän awtomobiller, demirýol wagonlary, oba hojalyk tehnikalary, metal we agaç bejerýän stanoklar, durmuş elektronika enjamlary, azyk senagaty üçin tehnologiki enjamlar dünýäde bäsdeşlige ukyplydyr.

Himiya senagatynyň ýöriteleşen ugurlary – nebit himiýa, polimerler, awtomobil şinalary önümçiligi we farmasewtikadyr.

Italiýanyň ýeňil senagatynda dokma, tikin, gön-teletin we aýakgap ýaly adaty pudaklaryn ähmiýeti uludyr. Azyk senagaty pudaklarynyň arasynda çakyr, makaron, ýag, gök-miwe önümlerini gaýtadan işleýän pudaklar has ösendir.

Оbа hojalygynyň esasy pudagy ekerançylyk bolup, ol оbа hojalyk haryt önümçiliginiň gymmatynyň 66%-ini berýär. Däneli ekinlerden bugdaýyň we mekgejöweniň ähmiýeti uludyr. Ýurduň ekin meýdanlarynyň köр böleginde üzüm, zeýtun we sitrus ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Zeýtun agajynyň tutýan meýdany we ýygnalýan hasyly boýunça Italiýa dünýäde birinji orunda durýar. Beýleki ekinlerden gök-bakja, gant şugundyry, pagta we künji ekilýär. Maldarçylyk pudaklarynyň arasynda ýurduň demirgazyk etraplarynda süýt berýän maldarçylyk we günortada bolsa dowardarçylyk işjeň ösdürilýär.

Italiýanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudagy – halkara syýahatçylygydyr. Rim, Piza, Wenesiya, Мilаn, Neapol, Pompeý, italýan Riwerasynyň, Kapriniň, Adriatikanyň, Alp daglarynyň dynç alyş-sagaldyş şypahanalary we termal çeşmeleri örän uly syýahatçylyk merkezleridir.

Italiýada ulaglaryň ähli görnüşleri ösendir. Ýurtda demir we awtomobil ýollarynyň gür tory döredildi. Ýükleri we ýolagçylary daşamakda esasy orun awtomobil we demir ýol ulagyna degişlidir. Ýurduň kenarýaka ýerleşişine baglylykda deňiz ulagynyň ähmiýeti-de uludyr. Daşarky ýük dolanyşygynda Geniýa, Triýest, Wenesiýa, Neapol, Liworno, Ankona uly deňiz gämi duralgalarynyň ähmiýeti uludyr.

Daşary ykdysady gatnaşyklary Italiýanyň ykdysadyýeti üçin örän uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Italiýanyň senagatynyň möhüm pudaklary, esasan, daşyndan getirilýän çig malyň, ýangyjyň we polifabrikatyň (ýarym taýýar önüm) hasabyna önüm öndürýär, olaryň esasy bölegi bolsa dünýä bazarynda ýerleşdirilýär. Italiýa daşarky söwdasynyň uly bölegini Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri, АВŞ, Russiýa, Hytaý, OPEK ýurtlary bilen amala aşyrýar.

Bellik: “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” kitaby esasynda taýýarlanyldy.

 

Beýleki ýurtlar barada hem gyzykly maglumatlary aşakdaky sary hata basyp okap bilersiňiz

Germaniýa