Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekti. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permanda şeýle diýilýär:

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Agöýli Aşyrowiç Aşyrowy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Dünýägözel Baýramsähedowna Begjanowany Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Leýla Myradowna Babaýewany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Aýjahan Ýagmyrowna Ymamberdiýewany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Maksat Çaryýewiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Gumdag şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Meýlis Maksatgeldiýewiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Maýsa Djumadurdyýewna Metgeldiýewany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Öwez Agageldiýewiç Esenowy Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Mähriban Allaşukurowna Bagyýewany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

dowamy Kazylar wezipe bellenildi we wezipeden boşadyldy at TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]