Mähriban okyjylar, size bu gezek kelemli dolamanynyň taýýarlanyşy barada maglumat bermegi makul bildik.

Munuň üçin gerekli önümler:       

  • 1 sany kelem
  • Üwelen et
  • 1 bulgurdan azrak tüwi
  • 2-3 sany käşir
  • 1 sany orta ululykda ýeralma
  • 1 sany orta ululykda sogan
  • Pomidor goýultmasy (tomat)
  • Duz we burç
  • Gatyk ýa-da smetana

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen kelemimizi ulurak gazanda azrak ýumşaýança gaýnatmaly. Soňra ony kiçiräk gönüburç ýa-da has aňsat bolmagy üçin üçburç şekilinde kesip çykmaly. Birneme sowaýança içini taýýarlamaly. Elimizdäki üwelen eti aýratyn gaba salyp, 1 bulgurdan azrak tüwümizi goşup duzlap burçlamaly. Soňra kesilip taýýar edilen kelemlere tüwi garylan üwelen etimizi salyp dolamaly. Soňra bişirjek gazanymyza 1 nahar çemçesinden azrak ýag bilen ýaglamaly. Galanja bölek kelemler bar bolsa, aşagy tutmaz ýaly, ilki bilen ýaňky ýalan gazanymyzyň aşagyna düzüp çyksak özümize has aňsat bolar. Soňra keleme dolanan üwelen etli uzyn taýajyk görnüşindäki dolamalary bir ýandan düzüp başlamaly. Bir hatar düzenimizden soň, 2-nji gatyna sogan we ýeralmamyzy şeýle hem käşirimizi tegelek görnüşde kesip gatlak-gatlak düzüp çykmaly. Bu gatlak görnüşi öz islegiňize görä hem düzüp bilersiňiz. Soňunda bolsa, 2 ýa-da 3 nahar çemçesi ýaly pomidor goýultmasyny (tomat) goşmaly we agzyny tarelka bilen ýapmaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, pessejik otda 30-40 minutda bişirmeli.

Ine, mähriban okyjylar kelemli dolamamyz hem taýýar boldy.

Işdäňiz açyk bolsun!

Taýýarlan Aýşirin Alyýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Beýleki tagamlaryň hem taýýarlanyşyny okaň!

Ekler

Polýak kökesi

Gatlakly tagam

Garnirli ak tüwi

Süýjüli pişme

Limonly pirog

Glýasseniň öý şertlerinde taýýarlanyş usuly

Şugundyr mürepbesi

Baýramçylyk torty

 

Ak ýagly, üwelen jigirdekli çörek

Ýeralmaly, bulgur tüwüli köfte