«Kentukki gowrulan jüýje» dünýäniň iň iri tiz tagam restoranlarynyň biridir. Restoran «KFC» ady bilen meşhurdyr. Bu restoran Harland Sanders tarapyndan ABŞ-nyň Kentukki ştatynda 1930-njy ýylyň mart aýynyň 20-sine düýbi tutulýar. Harlend haçan-da ýedi ýaşyny dolduranda ejesi nahar bişirmegiň usullaryny öwredip başlaýar. 13 ýaşyna ýetende ol öýde ähli wagtyna nahar bişirip başlaýar. Harlend çagalykdan üýtgeşik bir tagam tapmagy maksat edinýär. Soňra ol birnäçe ýyl restoranlarda baş aşpeziň kömekçisi bolup işleýär. Onuň ilkinji açan naharhanasy ýol ugrunda ýerleşip jemi 6 stoldan ybaratdyr. Harlendiň taýýarlaýan tagamlaryna bolan islegleriň barha artmagy, ony uly maksatlara iterýär. Restoran gysga wagtyň içinde özüniň gowrulan jüýje önümleri bilen uly meşhurlyk gazanýar. Häzirki wagtda restoranda taýýarlanýan nygmatlar 10-15 minudyň dowamynda müşderilere ýetirilýär. 1940-njy ýyllarda ABŞ-nyň dürli künjeklerine 1960-ny ýyllaryň dowamynda bolsa Angliýa, Hytaý, Kanada ýaly ösen döwletlere restoranyň birnäçe şahamçalary açylýar. Häzirki wagtda «KFC» restoranynyň 136 döwletde 22,600-den gowrak şahamçasy bar. Bu bolsa, restoranyň tagamlarynyň hakykatdanam datlydygyndan habar berýär. 

«KFC» restoranynyň tagamlarynyň taýýarlanyş usullary her bir döwletde dürli-dürlidir. «KFC» restoranynda taýýarlanýan jüýjeleriň düzüminde 11 görnüşli dürli hoşboý ys beriji otlar bar. Şol otlaryň kömegi bilen nygmatlar özboluşly tagama eýe bolýar. Restoranda taýýarlanýan naharlaryň düzümi gizlin  saklanylýar. Mundan başga-da «KFC» restorany dünýäniň meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Şolaryň biride dünýä belli «Pepsi-kola» kompaniýasydyr. Restoran indi bu kompaniýa bilen birnäçe ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklaýar.