Türkmen halkynyň höwes bilen diňlän hem söýüp okaýan şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyň hemmelere düşnükli, ýönekeý dilde çeper eser döreden Kerim şahyr Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgyn obasynda 1929-njy ýylda dünýä inýär. Onuň kakasy Gurbannepes aga çeper sözüň gadyryny bilipdir, hat-sowatdan başy çykýan adam bolupdyr. Ol ýalňyz ogly Kerimiň hem sowatly bolmagynyň aladasyny edipdir. Ýaşajyk Kerim obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde okaýar, çagalygyndan çeper sözüň yşkyna düşýär. Onuň ilkinji goşgusy, on ýaşyndaka, Gökdepäniň «Kolhozçynyň sesi» atly etrap gazetinden çap edilýär. Kerim heniz okuwçyka diňe türkmen awtorlarynyň däl, eýsem, şol döwürde türkmençä geçirilen dünýä edebiýatyndan Puşkiniň, Nekrasowyň, Gogolyň eserleri bilen bilelikde «Tom Soýeriň başyndan geçirenleri», «Dombi hem ogul» ýaly kitaplaryň ençemesini okaýar. Magtymgulynyň tutuş goşgular ýygyndysyny kakasynyň aýdyp bermeginde 1939-njy ýylyň tomsunda eli bilen göçürip almagy oňa aýratyn täsir edýär.

1942-nji ýylyň tomsunda şahyryň kakasy dünýäden ötýär. Atasyz galan ogul Tejene göçýär. Kerimiň gaýgy-gamsyz geçmeli ýetginjekligi, jahyllygy ýowuz synagly ýyllara gabat gelýär: bugdaý orýar, gazy gazýar. Bularyň gapdalyndan Hudaý beren guýmagursak zehinli Kerim goşgy ýazmagyny goýmaýar. Onuň şygyrlary ilki Tejen sebitlerindäki gazetlerde, soňra «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist», gazetlerinde «Tokmak» žurnalynda peýda bolup ugraýar.

Ýaş şahyr 1949-1952-nji ýyllar aralygynda Watan öňündäki harby borjuny berjaý edýär, ilki Odessa şäherinde, soňra Aşgabatda gulluk edýär. 1951-nji ýylda, ol heniz goşun gullugyndaka ilkinji goşgular ýygyndysy «Güýjümiň gözbaşy» ady bilen çap edilýär. Kerim Gurbannepesow çagalar hem mekdep okuwçylary üçin «Ýalta we bagt», «Maşgala we mekdep», «Atalar we çagalar», «Ös, saçym, ös», «Ýaz şemaly» ýaly ululy-kiçili şahyrana kitaplary peýda bolýar. Şahyryň 1957-nji ýylda «Goşgular we poemalar» ady bilen neşir edilen ýygyndysy türkmen edebiýatyna zehiniň goşulandygyny äşgär edýär. Şonuň yzysüre uly göwrümli «Taýmaz baba» atly täsin poemasy Kerim Gurbannepesowy halkyň küýseýän şahyryna örülýär. Ol halkyň ynamyny ödemek üçin, «Kyrk» poemasynda aýdyşy ýaly, şol döwürdäki elipbiýiň «38 harpyna mähir siňdirip, harp bilen harpy gije-gündiz çatyp», «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Gumdan tapylan ýürek», «Aýal bagşy», «Parahatçylyk ilçisi», «Ynsan bile ynsap» kimin elden düşürilmän okalýan kitaplary talapkär okyjylara hödürleýär. Şahyr bulardan başga-da döwrüň sesine ses goşýan «Döwür beýle däldir», «Ömrüme pent», «Ýaşlyk dramasy», «Goja», «Şöhrat», «Biziň işimiz», «Plan dolmaly, plan», «Ýalňyzlyk», «Ata, ene, ömür, baş» ýaly täsin şygyrlaryň ýüzlerçesini döredýär.

Kerim Gurannepesowyň goşgularynyň köpüsine ýurdumyzyň meşhur kompozitorlary, bagşy-sazandalary saz ýazdy. Olar halk aýdymyna öwrüldi.

Kerim Gurbannepesow örän okumyşdy. Edebi sowady juda ýokarydy. Dünýä halklarynyň edebiýatynyň görnükli wekilleri bilen mydama dostana gatnaşykdady. Ç. Aýtmadow, R. Gamzatow, M. Tank, E. Meželaýtis, S. Narowçatow, M. Lukonin ýaly söz ussatlary onuň dostlarydy. Şeýle bolansoň, Kerim şahyr dünýä halklarynyň poeziýasyndan iň gowularyny öz ene dilimize geçirip, «Terjimeler kitabyny» («Dostluk çeşmesini») okyjylara sowgat galdyrdy.

Kerim şahyr hazynaly halypady. Onuň egsilmez genji-hazynasy – mähribanlykdy. Gündogaryň beýik şahyry Alyşir Nowaýynyň: «Mähribanlyk hazynasy kime degişli bolsa, halypalyk hem şoňa degişlidir» – diýşi ýaly Kerim Gurbannepesow uly halypady. Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Näzik Annatyýewa, Italmaz Nuryýew, Baýram Jütdiýew, Hudaýberdi Diwangulyýew, Agageldi Allanazarow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow,  Gözel Şagulyýewa ýaly zehinli ýazyjy-şahyrlarymyz Kerim şahyryň mekdebini geçendirler diýsek, ýalňyş bolmaz, Onuň özi barka-da, özi ýokka-da, ondan öwrenmäge jan edýän ýaş zehinleriň sanardan kändigi hakykatdyr.

Kerim Gurbannepesow heniz 38 ýaşyndaka «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada eýe boldy. Soňra şahyr ajaýyp eserleri üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny aldy.

Bellik: Kerim Gurbannepesow baradaky maglumatlar şahyryň “Oýlanma baýry” atly kitaby esasynda taýýarlanyldy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

Beki Seýtäkow (1914-1979)

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)

Berdi Kerbabaýew (1894-1974)

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]