Kikboksing sportuň 1960-njy ýyllarda dörän başa-baş göreş görnüşidir. Sportuň bu görnüşi amerikan kikboksingi (full-kontakt, lou-kikli full-kontakt, semi-kontakt, laýt-kontakt, kik-laýt), ýapon kikboksingi (K-1 formatly), sololy kompozisiýalar (sazly görnüşler) ýaly görnüşlere bölünýär.

Kikboksing sözüniň giň manysy boks elliklerini geýip, eller we aýaklar arkaly düzgün boýunça rugsat edilen başa-baş söweşiň dürli urgularyny aňladýar (taý boksy, şutboksing, sanda, sawat we beýlekiler).

Amerikan kikboksingi

Amerikan kikboksinginiň watany ABŞ hasaplanylýar. Bu ýerde 1960-njy ýyllarda Gündogaryň başa-baş tutluşyklarynyň meşhurlygynyň tolkuny bilen doly kontaktly söweşleri tejribelige ornaşdyryp başlaýarlar. Sportuň bu görnüşi şol wagtlar giňden ýaýran taekwondo we karate-sýotokan görnüşleriniň düzgünlerinden uly tapawut edipdir.

Urgularyň güýji çäklendirilmändir, geçirilen tehniki hereketden soň (maksada ýeten urgudan soň) referi duşuşygy saklamandyr, eller bilen kellä urgular rugsat edilipdir (munuň üçin boksdaky ellikler ulanylypdyr).

1974-nji ýylda professional kikboksingiň ilkinji guramasy PKA (Professional Karate Association) esaslandyrylýar – we ol kikboksingiň sport görnüşi hökmünde dörän ýyly hasaplanylýar.

Amerikan kikboksingi Ýewropada tiz ýaýrapdyr. Ýewropada 1976-njy ýylda höwesjeň kikboksingçileriň WAKO (World Association of Kickboxing Organizations) atly guramasy esaslandyrylýar.

 Ýapon kikboksingi

Kikboksingiň «ýapon» şahasy öz gelip çykyşy boýunça Ýaponiýa taý boksunyň gelmegi bilen baglanyşyklydyr, ol karate-kýokusinkaýyň gapma-garşy bäsdeşligine garamazdan, giň gerime eýe bolýar.

1970-nji ýyllarda ýapon kikboksingini üç sany esasy gurama ösdürýär: AJKBA (All-Japan Kick-boxing Association), WKBA (World Kick-Boxing Association) we «Kakutogi» ligasy. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda kikboksingiň ýapon hünärmenleri täzeden ýüze çykyp başlaýar, 1993-nji ýylda bolsa K-1 döreýär we ol ýapon kikboksingini dünýäde has ösen professional başa-baş söweşine öwürýär.

Taý boksy bilen bilelikde ýapon kikboksingi hem Ýewropa ýaýraýar, ilkinji nobatda Gollandiýa kikboksingiň dünýä boýunça esasy merkezleriniň birine öwrülýär.

 Düzgünler. Kikboksingiň bölümleri

  1. Semi-kontakt (çäkli kontakt – galtaşma).
  2. Laýt-kontakt (ýeňil kontakt).
  3. Full-kontakt (doly kontakt).
  4. Lou-kikli full-kontakt.
  5. Sololy kompozisiýalar.

Kikboksingiň sazyň astynda geçirilýän ýaryşlar bölümi bolup, ol üç görnüşi özüne birleşdirýär. Kompozisiýa «berk» usulda, «ýumşak» usulda we zatly ýerine ýetirilýär, Gündogaryň başa-baş söweş ýollarynyň hakyky maşklarynyň däp bolan toplumynyň böleklerini özünde jemleýär. «Berk» usuldaky kompozisiýa Gündogaryň däp bolan başa-baş karate, taekwondo we beýleki söweşleriniň «kölegäň bilen söweş» häsiýetinde amala aşyrylýar. «Ýumşak» usuldaky kompozisiýa Gündogaryň başa-baş söweşleriniň uşu görnüşiniň tehnikasyna esaslanýar. Zatly ýerine ýetirilýän kompozisiýa «kölegäň bilen söweşmek» ýaly islendik sowuk ýarag – gylyç, pyçak, taýak, nunçaka, orak, serdesse we ş.m. bilen ýerine ýetirilýär.

 

Aýak bilen edilýän urgular

 

Aýaklaryň urgulary – iteriji, atylyşly, ballistiki, göni çyzykly ýa-da gyşyk çyzykly çäklerde, kikboksçynyň aýak hereketleriniň yza gaýdyjy – hüjüm ediji, garşydaşyň bedenine dabanyň daşky ýa-da içki tarapy bilen täsir ediji şekilde bolýar. Söweşde aýak bilen edilýän urgularyň şu aşakdaky görnüşleri ulanylýar:

   Bek-kik (yzky urgy) – bu urgy garşydaşdan uzakda duran aýakda ýygy-ýygydan we aýlanyşly amala aşyrylýar. Ilki bilen diregdäki aýakda (garşydaşa golaý aýakda) 180 gradus aýlaw edilýär. Şol bir wagtda egniň üstünden (sag aýak bilen hüjüm edilende sag egniň) nyşanany görmek hökmanydyr. Soňra urgy edýän aýak dyzdan epilip, direnýän aýagyň we çanaklygyň hereket itgisi bilen güýçlenip, nyşana gönükdirilip, ökje bilen urgy amala aşyrylýar. Hereket atyň depgisine meňzeş bolýar. Bu örän kuwwatly urgy ringdäki dürli söweşjeň wezipeleri çözmek üçin ulanylýar. Kontaktdan soň öwrülme ýerine ýetirilip bilner – 360 gradus – bu söweşjeň ýagdaýy eýelemek üçin gerek bolýar. Aýagyň 180 gradus öwrülmegi bilen böküşde urgy hereketi amala aşyrylyp bilner. Bu örän owadan we çalt urgy hasaplanylýar. Urgy garşydaşyň kellesine-de, göwresine-de edilip bilner.

 Jampin-kik (böküşli urgular) – aslyýetinde ähli urgular (şol sanda eller bilen edilýän urgular hem) böküşde amala aşyrylyp bilner. Bu oňa aýratyn özboluşlylyk berýär. Aýak bilen yzlygyna edilýän urgular kadadan çykma hasaplanýar. Mundan başga-da, bökülip edilýän urgular söweşiň depginine täsir edýär we köp güýç alýar. Ýygy‑ýygydan ýarym aýlawly, yzlaýyn aýlawly öwrülmeler bilen edilýän urgular seýrek ulanylýar we köp söweşlerde türgenler şonsuz oňýarlar.

Kressent-kik (tersligine gapdal urgy) – aýaklar bilen ýokary derejeli edilýän iň ýeňil urgularyň biri, ony ýerine ýetirmek üçin üýtgeşik şpagat talap edilmeýär. Bu urgy dabanyň daşky ýa-da içki gapyrgasy bilen gönükdirilmegine baglylykda ýerine ýetirilýär (daşky we içki). Urgy garşydaşa golaý hem uzakdaky aýaklarda ýerine ýetirilip bilner. Onuň gaty bir owadan däldigine garamazdan, ýönekeýligi we çaltlygy sebäpli köpler ony gowy görýärler.

 Lou-kik – injik bilen garşydaşyň buduna ýa-da dyzyna edilýän aýlawly urgudyr. Şeýle urgular garşydaşyň hereketleriniň tizligini peseldýär, gowy ýerine ýetirilende aşaky ahyrlaryň şikes almagyna we söweşiň bes edilmegine getirýär. Aýlawly urgularyň ähli görnüşleriniň arasynda ýa-da şoňa meňzeş islendik urgy juda netijeli we nokautlaýjy bolýar.

Bu urgy örän çalt we örän durnukly, bu bolsa islendik tilsimi ulanmak bilen hüjüme geçmäge mümkinçilik berýär.

 Raund-kik (raundhaus-kik) (aýlawly urgy) – yza öwrülmek bilen aýlawly urgular, adatça, kellä gönükdirilýär we ol aýagyň epiliş güýjüni ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýerine ýetiriliş urgudan goranmakda kynçylyk döredýär, sebäbi aýak böwet goýujy elden aýlanyp geçýär. Urgynyň başynda göwräniň ýokarky bölegi çägi boýunça yza öwrülýär, urgy edilýär we şondan soň direnilýän aýak 90 gradus öwrülýär (kähalatlarda 180 gradus), epilen aýagyň dyzy döşe çenli galdyrylýar we dyzyňy epmek arkaly galdyrylan daban ýa‑da injik bilen urgy edilýär. Urgy ähli derejede ýerine ýetirilýär, şeýle ýagdaýda «raund» sözi aýdylmaýar we şu sözler goşulýar: «haý-kik» – «ýokary», «middl-kik» – «orta» (ýokarda), «lou-kik» – «aşaky». Urgy ediliş tehnikasy ýeňil, ýöne çalt, şeýle hem haýal, ýöne juda kuwwatly bolup biler.

 Saýd-kik (gapdal urgy) – urgynyň başynda urýan aýak döşüň deňesine ýetirilýär we şol bir wagtda ol dyz bognunda epilýär. Urgy aýagyň aýlawly hereketi we şol bir wagtda dyz bognunyň epilmegi bilen amala aşyrylýar. Şol wagt çanaklygyň öňe hereketi tamamlanmak bilen urgynyň gapdalyna iberilýär, urgyny güýçlendirýär, direg aýagyny iteklemäge mümkinçilik döredýär. Urgynyň ahyrky ýagdaýynda urgy edýän aýagyň ýokarky tarapy (but we injik) ýokaryk gönükdirilýär.

Urýan aýak we göwre bir tekizlikde bolmaly. Urýan ýeri ökje, daban ýa-da dabanyň gapyrgasy bolup biler. Bu urgy kellä-de, göwrä‑de garşydaşdan uzakda duran ýa-da golaý aýakda edilip bilner. Soňky pursatda garşydaşdan uzakda duran aýakda ädimlemeler bilen ýerine ýetirilýär.

 Eks-kik (ýokardan edilýän urgy) – ökje bilen ýokardan aşak, edil paltalanylýan şekilde edilýän urgy juda amplitudaly urgudyr. Onuň bilen nokautlamak ýeňil däl, ýöne garşydaşy çekindirmek, aljyratmak, gorkuzmak mümkin. Hünärmenleriň ýerine ýetirmeginde şagalaňlara tomaşa etmäge gelen janköýerler bu owadan urga haýran galyp seredýärler, gapdaldan ol uzaldylan şpagat şekilinde synlanylýar. Bu emel garşydaşy ýygy-ýygydan aljyraňňylyga getirýär.

Ýokardan batly aşak goýberilen aýak onçakly göze ilmeýär. Ol gowy ýerine ýetirilende garşydaşyň ýaýjyk süňküni döwmek bolýar. Urgyny yza öwrülmek bilen edil huk-kik görnüşinde edip bolýar, onda tapawut aýak urgy tamamlanandan soň ýerde parallel däl-de, perpendikulýar hereketlenýär. Şeýle ýagdaýda urgy bökülip hem ýerine ýetirilip bilner.

 Front-kik (göni urgy) – kikboksçularyň ringinde garşydaşy aýak bilen göni urguda ýa-da gapdal urguda tutmak juda kyn bolýar (munuň sebäbi garyndan aşak edilýän urgularyň gadagan edilmegi, şeýle hem türgeniň şeýle urgulara garşy durmakdaky we kabul etmekdäki türgenleşiksizligi bilen bagly). Bu urgyny elbetde kellä edip bolar, ýöne ol ýygy-ýygydan garşydaş bilen aralyga gözegçilik etmekde ulanylýar, garşydaşyň hüjümi saklanylýar we özi hüjüme başlaýar.

Urgy ökje ýa-da dabanyň ýassyjagy bilen ýerine ýetirilýär. Gönükdirilmesi boýunça çykyp gelýän we ýere parallel bolup biler, soňky ýagdaýda urgy kellä edilýär.

 Huk-kik (gaňyrçakly urgy) – yza aýlawly urga çäkli bolan hereket bilen ýerine ýetirilýär. Urýan aýak öňe – ýokary gapdala çykarylýar we soňra urgy ökje ýa-da tutuş dabanyň bilen amala aşyrylýar. Urgy, adatça, barlamak üçin öňki aýak bilen ýerine ýetirilýär. Tersleýin aýlawly urgy, adatça, garşydaşdan uzakda duran aýakda 360 gradus aýlaw bilen edilýär. Kikboksda ol «pyrlawaç» ady bilen bellidir. Şeýle ýagdaýda urgy juda güýçli bolýar. Ilki bilen söweşiji urga tarap öwrülýär, göwresini öwürýär, nyşana nazarlanýar, soňra urýan aýagyny dyzyndan epip, ýokary we gapdala çykarýar, direnýän aýagyna agramyny salýar, aýagyny göneldýär, göwresiniň aýlanmagynyň we çanaklygynyň öwrülmeginiň hasabyna hüjümi dowam etdirýär, soňra çanaklyk myşsalaryny we buduň epiji myşsalaryny birden batly goşup, dyzyny epmek bilen urgyny amala aşyrýar.

Urgy garşydaşdan uzakda duran aýakda we sagat diliniň aýlanýan ugruna tarap öwrülmek bilen tamamlanýar. Urgyny edeninden soň aýak yzky çäkde hereketini dowam edýär, 360 gradus öwrüm bilen jemlenýär, türgen adaty endik eden söweşjeň ýagdaýyny täzeden eýeleýär.

Kesmek (fut-swips) – kikboksingdäki kesmäge şular degişlidir: dabanyň iç tarapy bilen kesmek, 360 gradus öwrülmek bilem kesmek, ýagny garşydaşdan uzakdaky aýakda (hereket köp babatda aýak bilen öwrülip, aýlawly edilýän urga çalymdaşdyr). Kesmegiň serişdeleri bilen dürli söweşjeň wezipeler çözülýär: garşydaşy deňagramlylykdan çykarmak, söweşiň depginini peseltmek.

 

El bilen edilýän urgular

 

Apperkot (çep tarapdan aşakdan edilýän urgy)

 Apperkot (sag tarapdan aşakdan edilýän urgy)

 Bekfist (sag el bilen aýlandyrylýan urgy)

 Jeb (öňki, ýagny garşydaşa golaý el bilen göni urgy)

 Panç (garşydaşdan uzakdaky el bilen göni urgy)

 Swing (uzak aralykdan gapdal urgy) Huk (çep bilen kellä gapdal urgy)

Sag huk (garşydaşyň elinden uzakda)

 

El bilen gadagan edilen urgular

 

  1. Elligi açyp edilýän urgular.
  2. Elligiň içki tarapy bilen edilýän urgular.
  3. Ýumrugyň gapdal tarapy bilen edilýän urgular (ýarym kontaktly söweşlerde rugsat edilýär).
  4. Ýumrugyň aşaky we ýokarky tarapy bilen edilýän urgular (ýarym kontaktly söweşlerde rugsat edilýär).
  5. Eliň iç tarapy bilen edilýän urgular (ýarym kontaktly söweşlerde rugsat edilýär).
  6. Goşar bilen edilýän urgular. Bulardan başga-da bilekler bilen edilýän itekleniş urgulary.

 

EGIN-EŞIGI

Häzirki wagtda kikboksing takyk düzgünleşdirilen sport görnüşi we onuň hökmany taraplarynyň biri türgeniň goranyş ýagdaýy hasaplanylýar.

Söweş başlamazdan öň referi goranyş enjamlarynyň ulanylmaga ýaramlylygyny barlaýar.

Höwesjeňler üçin kikboksingiň islendik bölüminde kellä geýilýän tuwalga hökmany hasaplanylýar. Kähalatlarda türgenleşik tuwalgalaryna rugsat edilýär. Kikboksçynyň tuwalgasy boksçynyňkydan depesiniň güýçli goragy bilen tapawutlanýar, çünki onda aýak bilen güýçli urgular ýerine ýetirilýär. Şeýle-de kapalar hökmany suratda barlanylýar.

Türgeniň ellerine boks ellikleri geýdirilen bolmaly. Kikboksingiň bölümleriniň düzgünlerine laýyklykda – semi we laýt‑kontaktda ýörite «urmaýan» ellikler bolmaly, full-kontakt, lou-kikli full‑kontakt, oriental, taý-kik bölümlerinde 10 unsly standart boks ellikleri bolmaly.

Ellikler ellere ringe çykmanka geýdirilýär, eliň penjeleri kesgitli uzynlykdaky sargylar bilen saralýar.

Ähli söweşijileriň gasyk mäzleriniň goranylyşy barlanylýar.

Türgenleriň injikleri germaçlar bilen goranylýar. Bu semi, laýt‑kontaktlar we full-kontaktlar üçin hökmany şertdir. Kikboksingiň beýleki bölümleriniň düzgünleri boýunça aýaklar bilen aýaklara urgular rugsat edilendigi sebäpli, injiklerdäki germaçlaryň goragy barada ýaryşlaryň düzgünlerinde ýörite bellenilip geçilýär.

Aýaklar ýapyk ökjeli aýakgaplar bilen goralýar. Ol ýalaňaç aýaklara geýdirilýär.

Şikeslere getirmeýän trikotaž dyza geýdirilýänlere, daban-injiklere geýdirilýänlere rugsat edilýär.

Eger referi goranyş enjamlaryny barlanda haýsydyr bir ýetmezçiligi ýüze çykarsa, ony düzetmegi talap edýär we munuň üçin bir raundyňkydan köp bolmadyk wagt berýär. Eger berlen wagt tamamlanandan soň türgen taýýar bolmasa, ol ýaryşdan çykarylýar.

Gorag serişdelerine bildirilýän şeýle ýokary derejedäki talaplar türgene söweşiň gidişinde şikes almak töwekgelçiligini azaldýar we kikboksuň düzgünleri boýunça geçirilýän söweşleriň tomaşalylygyny ýokarlandyrýar.

 

Düzgünler we ýaryşlar

 

Irki döwürlerde kikboksingiň kesgitli düzgünleri bolmandyr. Eller we aýaklar bilen dürli urgulara, kesmelere, badak atmalara, tutluşlara we zyňmaklyga rugsat edilipdir.

Häzirki wagtda kikboksing boýunça ýaryşlar birnäçe guramalar tarapyndan geçirilýär, şol sanda şeýle çäreleri esaslandyryjy – Professional karateniň halkara federasiýasy (1968-nji ýylda döredilen) tarapyndan geçirilýär.

Wagtyň geçmegi bilen kikboksingiň höwesjeň we professional diýlen bölünmesi bolup geçýär. Kikboksingiň iň iri guramasy WAKO (Kikboks guramalarynyň bütindünýä assosiasiýasy) hasaplanylýar. Häzir onda 89 ýurduň wekilleri hasaba alyndy.

WAKO höwesjeňleriň arasynda-da, professionallaryň arasynda‑da ýaryşlary geçirmek bilen meşgullanýar. Dünýä çempionaty, edil Ýewropa çempionaty ýaly, iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Iki ýagdaýda-da çempion Olimpiýa ulgamy esasynda kesgitlenilýär.

Professional kikboksçularyň ýaryşlary erkin «hronologik shemada», professional boksunda kabul edilen reýting ulgamy boýunça geçirilýär. Türgen birnäçe reýting ýaryşlaryny geçirmeli. Geçiren reýting ýaryşlarynyň we onda gazanan ýeňişleriniň sany esasynda ol laýyk reýtingi gazanýar. Ýokary reýting gazanan söweşiji öz agramlyk derejesinde dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryşda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Soňra onuň bilen hereket edýän dünýä çempionynyň duşuşygy geçirilýär. Ýeňiş gazanaýan ýagdaýynda ol Dünýä çempiony diýlip yglan edilýär.

Kikboksing ýaryşlary boks ringlerinde geçirilýär. Erkekler guşaklygyna çenli ýalaňaç, zenanlar maýkaly we şortuly çykyş edýärler. Höwesjeňleriň söweşleri iki minutlyk üç raundda geçýär. Professionallaryň reýting ýaryşlary düzgün boýunça 6 ― 8 raund dowam edýär, çempionlyk ugrundaky söweşler 12 raunda çenli geçirilýär.

Kikboksing sporty türgende goranmak we çalasynlyk häsiýeti terbiýeleýär, oýlanyşykly hereketler bilen türgeniň üstünlige ýetmegine mümkinçilik berýär.