24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşarlar. Umumy ýaryşa “UFC” guramasynyň türgenleri, işgärleri, köpçülikeýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşarlar. “The Independent” britan neşirini bellemegine görä, bu tutluşyk üçin Konor Makgregor 5 million dollar, Dastin Porýe bolsa 1 million dollar bilen sylaglandyrylar. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar. 

Mundan başga-da her bir türgen tölegli ýaýlymlaryň üsti bilen 1% göterim girdeiji gazanarlar. Mundan öň hem, ýagny 2014-nji ýylda Makregor bilen Porýe garşylaşypdylar. Şol tutluşykda birinji döwde Makregor 106 sekuntdan soňra nokaut arkaly ýeňiş gazanypdyr.

Konor Makgregor soňky tutluşygyny 2020-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Donald Serrone garşy geçiripdir. Takmynan 40 sekuntyň dowamynda ýene-de nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy başarypdyr. Porýe hem öz soňky tutlyşygyny 2020-nji ýylda Den Hukera garşy geçiripdir. Emma bu tutluşyk Porýe üçin agyr geçirpdir, ýöne emin agzalarynyň utuk sany boýunça Porýe tutluşykda ýeňiş gazanypdyr.

Konor Makgregor-Dastin Porýe arasyndaky tutluşygy Russiýanyň “Ren Tw” teleýaýlymynda tomaşa etmek bolar.