Italiýanyň «Seriýa A» ligasynda «Ýuwentus»  «Udinese» toparyny 4-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşygyň iki goluny «Ýuwentusyň» hasabyna geçiren ussat oýunçy Kristiano Ronaldo Täze ýylda täze rekordyny goýmagy başardy. 35 ýaşly ýyldyz «Seriýa A» ligasynda 14 gol geçirmegi başardy.

Kariýerasynda 758-nji goluny salmagy başaran Kristiano Ronaldo Peleden öňe saýlanyp, futbol taryhynda iň köp pökgi geçiren 2-nji futbolçy bolmagy başardy. Futbol taryhynda Ýosef Bisan 759 gol bilen iň köp gol salan oýunçy hasaplanýar. Emma Kristiano Ronaldo bilen Ýosef Bisanyň aratapawudy 1 gol bolup durýar.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde rekord goýmagy başaran ussat oýunçy üçin 2021-nji ýylyň has-da düşümli ýyllaryň biri boljakdygyndan habar berýär.