Dünýäniň iň meşhur hem-de giňden ýaýran “söz” oýunlarynyň biride krossworddyr. Krossword iňlis sözi bolup, ol “cross-kesişmek, kesmek, word-söz” diýlip terjime edilip, “kesişýän söz” manysynda ulanylýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, krossword sözleriň kesişmeginden emele gelýär.

 ABŞ-lylaryň pikiriçe ilkinji krossword “New York World” gazetinde 1913-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-ne Liwerpully žurnalist Artur Uini tarapyndan çap edilýär. Krossword ilkinji gezek neşir edilenine garamazdan, halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar, hem-de özüne içgin gyzyklanma döredýär. Soňra krossword dünýäniň birnäçe künjeklerinde, esasan hem Ýewropa ýurtlarynda uly meşhurlyk eýe bolýar. Irki döwürdäki krosswordlar biri-birine meňzeş bolmagyna garamazdan, wagtyň geçmegi bilen olar kämilleşip, dürli görnüşlerde (geometrik şekillerde) çap edilip başlanýar. Krossword 1920-nji ýyldan bäri Amerikanyň aglaba gazetleriniň sahypalaryny bezäp gelýär. Häzirki wagtda krosswordlar belli bir kada boýunça çap edilýär. Ýagny, hepdäniň başlangyjynda çap edilýän krosswordlar beýlekilere garanyňda aňsadyrak hem-de göwrüm taýdan kiçiräk bolýar. Şeýlelik bilen gün-günden kynlaşyp hepdäniň soňky günlerinde çylşyrymly hem-de göwrüm taýdan hem ulyrak görnüşde okyjylara ýetirilýär. Çünki dynç günleri beýleki günler bilen deňeşdirenimizde ýerine ýetirmeli amallarymyz azrak bolýandygy hemmämize mälimdir.

Durmuşda her bir öwrenen zadymyzy şol günki açyşymyz hasaplaýarys. Häzirki wagtda adamlar krosword çözmegiň üsti bilen birnäçe zatlar öwrenýärler. Krosswordyň dürli temalar bilen baglanşykly soraglar bilen düzülmegi, ähli ulgamda işleýän adamlara örän oňaýly bolup durýar. Gündelik krossword çözýän okyjy dünýäniň meşhur ýerleri, şahyrlary, täsinlikleri bilen gaýybana tanyş bolýar. Käbir krossword çözüjileri soragda gyzyklandyran zatlaryny gözleg edip, ony içgin öwrenmeklerine hem getirýär. Krossword bilen iş salyşýanlaryň dil baýlyklarynyň hem artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Krossoword häzirki wagtda millionlarça adamynyň gündelik endiklerine (hobby) öwrüldi.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, krossword çözmek ynsan saglygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Olar, her gün krossword bilen meşgullanýan adam az gaharlanyp, onuň ýatkeşligi artýar diýip belleýärler. Şeýle hem krossword ynsanyň beýnisini işjeň halda saklamagyna uly itergi berýändigini nygtaýarlar. Mundan başga-da krossword çözmek adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklamana hem goşant goşýar. Krosswordy maşgalaň ýa-da deň-duşlaryň bilen bile maslahatlaşylyp çözülmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ysnyşmagyna getirýär. Gündelik krossword çözýän adam stresslerden azatdyr. Bu bolsa, häzirki wagtda krossworda bolan islegleriň artmagyna getirýär. Mundan başga-da, ýaş nesilleriň krossword bilen gyzyklanmagy olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlar bolup ýetişmegi üçin hem uly goldaw bolup hyzmat edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda gündelik çap edilýän ýerli gazet-žurnallaryň sahypalarynda krossword “Çaý başynyň güýmenjesi”, “Paýhas synagy” ýaly atlar bilen özüniň mynasyp ornuny tapýar. Çap edilýän krosswordlar hakynda häli-şindi gazet-žurnallaryň okyjylary tarapyndan dürli gyzyklanmalar, seslenmeler gelip gowuşýar. Krosswordlarda ulanyşdan galan köne sözleriň ýerleşdirilmegi kiçi ýaşly okyjylaryň milli dil gorunyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da edep-terbiýe, watançylyk, gahrymançylyk ündewlerini ündeýän şygyrlaryň, nakyllaryň käbir setirleriniň ýerleşdirilmegi ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde hem ähmiýeti uludyr.

Ählimiziň bilşimiz ýaly, krosswordy biz çaý başynyň güýmenjesi hasaplaýarys. Hakykatdan-da çaý başynda krossword çözmek täsirli hem-de gyzykly. Bilermenleriň bellemeklerine görä bolsa, ir säher bilen irdenki çaý ýa-da kofeniň gapdalyndan krossword çözmek beýni üçin iň oňaýly maşk bolýandygyny aýdýarlar. Häzirki günlerde dünýäniň millionlarça gazetlerinde krosswordlar okyjylara yzgiderli ýetirilip durulýar. Dünýäniň belli künjeklerinde her ýylyň 21-nji dekabry “Krossword güni” diýlip baýramçylyk giň gerimde bellenilip geçilýär.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]