«Läläm, gideliň bäri» atly aýdymyň goşgusy Diýarymyzdan alysdan ýazylypdy. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlarynda biz birnäçe türkmen oglan-gyzlary bolup, Moskwa şäherinde okaýardyk. Biziň bilen bile okaýan bijaý bir ýygra dostumyz gyzlaryň birine göwün berdi. Jany-teni bilen söýýänem bolsa, ol gyza öz içki duýgusyny aýdyp bilmedi. Şeýdibem gyz bizden öň okuwyny tamamlap, öz ýaşaýan şäherine dolanypdy. Men bolsa, munuň üçin dostumyň nähili örtenýändigini bilýärdim. Çünki şeýle şowsuz ahwal öz başymdanam geçipdi ahyryn.

Biz dostum bilen okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda bile bir otagda bolýardyk. Bir gün   dostumyň yşky hesretlerini goşgy setirlerine geçirmegi göwnüme düwdüm. Goşgy birdemde ýazyldy. Goşgyny ýazyp bolup, ony dostuma okamaga berdim. Goşgyny okap gören dostumyň gözlerinde ahmyr damjalary balkyldaýardy. Elbetde, onuň şo wagtky ahwalyny kagyza geçiräýmek gaty aňsadam däl, ýöne okyjylar dostumyň şo wagtky düşen ýagdaýyna düşünerler diýip, pikir edýärin. Men aýdym bolsun diýip, ýazan goşgymy, haýdan-haý Aşgabada,  kompozitor Rejep Gutlyýewe iberdim. Nämüçindir, ussat kompozitor goşgyny wagty bilen saza geçirmän eken. R. Gutlyýewe iberen goşgym «Sen gideliňden bäri» diýlip atlandyrylýardy.

1975-nji ýylyň tomsunda okuwymyzy tamamlap, mähriban Aşgabadymyza dolandyk, işe durduk. Günleriň bir güni, men şo wagtlar ýaş kompozitor Atda Çaryýewe gabat geldim. Ol şonda menden aýdym üçin bir gowy goşgy sorady. Şonda men oňa «Seniň diýýän goşgyň bar. Özem söýgi goşgusy. Paşmadyk söýginiň göwün eňremesi» diýip, dostum hakda gürrüň berdim.

Aradan wagt geçirmänem goşga saz ýazyldy. Sazy diňläp görüp, men dostumyň öňündäki borjumy ýerine ýetirdim hasap etdim. Aýdym dogrudanam gowy çykypdyr. Ony ilkinji gezek aýdan zehinli aýdymçymyz Nurýagdy Tokgaýewdi. Şondan soň täze aýdym ýurdumyzyň çeper höwesjeňleri  tarapyndan ürç edilip aýdylyp başlandy. Häzirem bu aýdym, ýarym asyra golaý wagt geçmegine garamazdan, aýdylyp ýör. Ol aşyk ýüreklere göwün tesellisini berýär, yşk ummanynda ýöwsellik etmän, onda batyrgaýlyk bilen gulaçlap ýüzmegi öwredýär.

Ýene bir zat, biri-birinden habarsyz, kompozitor Rejep Gutlyýewem şol goşga aýdym ýazdy.

Ol aýdymy hoş owazly Gurbansoltan Nurýagdyýewa Sapar Mämiýewiň elektrodutarda çalmagynda aýdypdy. G.Nurýagdyýewanyň ýerine ýetirmeginde bu aýdym radioda mahal-mahal eşitdirilip durulýar. Aýdymçy gelniň göwünleri melul ediji owazy seni uzak ýaşlyk ýyllaryňa dolaýar.

Aýdymyň ýazylanyna, görüp otursaň, elli  ýyla golaý wagt geçipdir. Dostum bilen bolan duşuşyklarymyzda köp zatlar hakynda söhbetdeş bolýarys. Ol ýetmiş ýaşy arka atsa-da, misli nurly Aýyň bölegi bolup, ömürlik gözden gaýyp bolan laçyn guşy ýatlanynda, onuň gözlerinde her gezek bir damja gözýaş damjalary peýda bolýar. Elbetde, bu aýdymy dostumyň gaýybana söýen gyzy diňläp görendir. Ýöne weli, bu aýdymyň özi hakyndadygyny bilýänem däldir diýip pikir edýärin – diýip, aýdymyň awtory Allaýar Çüriýew gürrüň berdi.