Smartfon bazarynda oňat netije gazanan Günorta Koreýanyň «LG» kompaniýasy akylly telefon bazaryndan aýrylyp biler. Soňky ýyllarda kompaniýa smartfon ulgamynda oňat netijeleri görkezip bilmedi. «LG» kompaniýasynyň baş direktory Kwon Bong-Sok öz çykyşynda smartfon bazaryndan çykyp biljekdigi barada nygtandygy mtbugat habarlarynda mälim edildi. Metbugat habarlaryna görä, kompaniýanyň smartfon bazaryndan aýryljakdygy baradaky habar 2019-njy ýylda okyjylara ýetirilipdi. Kompaniýanyň smartfon önümçiliginiň bes etmeginiň asyl sebäbiniň öz bäsdeşlerinden yza galyp barýandygy bilen düşündirilýär. «LG» kompaniýasy soňky 5 ýylda smartfon önümçiliginde 4,5 milliard amerikan dollary ýitgi çekdi.