Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasy Hazardaky «Dostluk» taslamasynyň operatory bolmaga isleg bildirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wagit Alikperow Peterburg halkara ykdysady forumynda žurnalistlere habar berdi.

TASS habarlar gullugynyň habaryna görä, «Dostluk» taslamasy boýunça geňeşmeler geçirilýär, hökümetara ylalaşyk taýýarlanylýar. Biz onuň operatory bolmak isleýäris, häzirlikçe paýymyzyň näçe boljagyny bilmeýäris» – diýdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökmütleriniň arasynda «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada özara düşünişmek baradaky Ahtnama iki döwletiň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

dowamy “Lukoil” Hazardaky «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmakçy at TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY.