Makdonald ýer ýüzünde iň meşhur tiz tagam restoranlarynyň biri hasaplanýar. Ol dünýäniň iň uly tiz tagam restorany bolup, her gün takmynan 69 milliondan gowrak adama hyzmat edýär. Bu restoranyň dünýäde 100-den gowrak döwletinde 37,850-den gowrak şahamçasy bar. Makdonald özüniň dürli görnüşdäki burgerleri, gowrulan ýeralma taýajyklary, jüýje önümleri, şirinlikleri we meşhur ertirlik tagamlary bilen uly meşhurlyga eýedir. Indi birnäçe ýyl bäri özüniň datly tagamlary bilen alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýan bu restoranyň ilkinji şahamçasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda doganlar Riçard we Moris Makdonald tarapyndan döredildi. Açylanyna köp wagt geçmezden, Makdonald tiz tagamlaryna islegler artyp başlaýar. Bu bolsa, ABŞ-nyň dürli ştatlarynda Makdonald restoranynyň şahamçalarynyň açylmagyna getirýär. Dünýä meşhur bu restoranyň nygmatlary islendik döwletiň milli tagamlaryna ýakyn taýýarlaýandygy bilen tapawutlanýar. Restoran belli senelerde, baýramçylyk günlerinde dürli görnüşli arzanlaşyk hyzmatlaryny alyjylara ýetirýär. Makdonald restorany öz içinde birnäçe topara bölünýär. Geliň, olaryň käbirleri bilen gysgaça tanyş bolalyň.

1. «Mcdrive» ady bilen tanalýan restoranyň bu görnüşi, esasan hem uly şäherdir obalaryň arasyndaky uzak aralyk gatnaw ýollaryň ugrunda ýerleşip, ýolagçylara we sürüjilere düşelge hökmünde hyzmat edýär.

2. Makdonald restoranynyň kiçiräk kafe görnüşleriniň biride «McCafe» ady bilen bellidir. Onuň ilkinjisi 1993-nji ýylda Awstraliýanyň Melburn şäherinde açyldy. Bu görnüşli kafeler dünýäniň dürli künjegine ýaýrandyr.

3. «Öz tagamyňy özüň döret» ady bilen makdonald restoranynyň täze bölüminiň ilkinjisi 2015-nji ýylda açyldy. Bu görnüşli restoranda esasan hem burgerleriň birnäçe görnüşleri taýýarlanylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, müşderiler bu restoranda iýjek burgerleriniň düzüminäki önümleri saýlap bilýärler. Müşderileriň islegini kanagatlandyrýan tagamlar tiz wagtda, ýagny 10-15 minutda taýýar edilýär.

4. Makdonald restoranynyň ýörite berhizli adamlara niýetlenen görnüşiniň bardygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek. Bu görnüşli restoranyň ilkinjisi 1997-nji ýylda Argentinada açyldy, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrandyr. Bu ýerde ýörite berhiz saklaýan adamlar üçin bedende siňmesi ýeňil tagamlar taýýarlanylýar.