Iki günüň dowamynda Angliýanyň Liga Kubogyny gazanmak ugrunda ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji duşuşykda Joze Mourinýonyň tälimçiligindäki “Tottenhem” topary 2-nji ligada çykyş edýän “Brentford” toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ilkinji finalçy bolupdy — diýlip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda aýdylýar.

Düýn hem ýene-de bir gyzykly ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky “Mançester Siti” topary Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk hem 2:0 hasabynda Gwardiolanyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda 50-nji minutda Jon Stonz hem-de 83-nji minutda Fernandinýo tapawutlandy.

Şeýlelikde, 25-nji aprelde final duşuşykda “Mançester Siti” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşar. Bu final duşuşygy Gwardiola bilen Mourinýonyň hem duşuşygy hökmünde taryhda öz ornuny alar.

LIGA KUBOGY BARADA…

Angliýanyň Liga kubogy 1960-njy ýylda döredildi. Liganyň kubogy ýa-da Karabao kubogy hökmünde hem tanalýar. Häzire çenli bu kubogyň ýaryşyna Angliýanyň 4 ligasyndan 92 topar gatnaşdy. Bu kubogy iň soňky gazanan topar “Mançester Siti” toparydyr.