Lionel Messi futbol kariýerasynda rekordlary goýmagy dowam edýär. Meşhur futbolçy bu gezek Ispaniýa çempionatynda oýunlaryň sany boýunça Kataloniýanyň klub rekordyny täzelemegi başardy. Bu möwsümde «La Liganyň» 24-nji hepdesinde Kamp Nou stadionynda «Barselona» we «Kadiz» topary bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Argentinaly oýunçy «Barselonanyň» meşhur oýunçysy Hawi Hernandezden öňe geçip, 506 oýun oýnady. Ýeri gelende belläp geçsek, Hawi Hernandez 505 oýun oýnady. «Barselona» toparynda 17 möwsümini oýnan Messi bu möwsümde 29 oýna çykyp, 20 gol salmagy, 8 asist geçirmegi başardy.