Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar. 

Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, rektorlar, gazet-žurnallaryň redaktorlary, ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdylar.

Metbugat ýygnagynda ýudumyzda şu hepdäniň dowamynda bolup geçen möhüm ähmiýetli syýasy wakalara syn berildi. Hormatly Prezidentimiz hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda iki ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan infrastruktura taslamalarynyň birbada 3-siniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara guraldy.

Bu möhüm taslamalara bagyşlanan metbugat ýygnagynda edilen çykyşlarda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmeginiň iki doganlyk ýurtlaryň – Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasyndaky ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda täze sahypalaryň açylandygy mälim edildi.

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdyp, iki halky köp sanly umumylyklaryň birleşdirýändigini belledi.

Geňeşçi şeýle hem, Türkmenistanyň hemişe Owganystana kömek edip gelýändigini, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy, ykdysady, ulag, energetika we beýleki ugurlarda hem giňden ösdürilýändigini belledi we şu ulanmaga berlen iri göwrümli taslamalaryň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, TOPH halkara gaz geçirijisiniň hem-de TOP halkara elektrik geçirijisiniň hem ähmiýetiniň uludygyny aýdyp geçdi.

Mundan başga-da, geňeşçiniň türkmen tarapynyň ýakyndan goldaw bermeginde Owganystan yzygyderli ynsanperwer kömekleriň berilýändigini, köp sanly owgan raýatlaryna Türkmenistanda okamaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

Şeýle hem metbugat ýygnagynda  BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd çykyş edip, sebit derejesindäki ulag we aragatnaşyk taslamalaryň sebitiň ösüşine uly ýardam edýändigini bellediler.

Metbugat ýygnagynda ýurdumyzyň energetika ministri Ç.Purçekow hem-de Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky ýolbaşçysy hem çykyş etdiler.

Metbugat ýygnagynyň ahyrynda sowal-jogap hem alşyldy.