Amerikan awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) «Artemis» maksatnamasynyň çäginde Aýa syýahat etjek 18 kosmonawtyň adyny mälim etdi. NASA-nyň beren beýanynda 2024-nji ýylda Aýyň üstünde gezjek ilkinji aýal we erkek kosmonawtlary tanyşdyrdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pensiň yglan eden işgärlerine jemi 18 kosmonawt, 9 zenan we 9 erkek kosmonawt girýär. Sanawdaky adamlaryň hemmesiniň Aý üstündäki uçuşlara gatnaşmajakdygy, ýöne hemişe nobata taýyn boljakdygy habar berildi. Takmynan 3 ýyl bäri işleýän «Artemis» taslamasynda 2021-nji ýylda adamsyz uçuşlar we 2023-nji ýa-da 2024-nji ýyllarda adamly uçuşlar meýilleşdirilýär.

Aýa uçjak 18 kişilik topar

NASA tarapyndan yglan edilen kosmonawtlaryň atlary aşakdakylar: Jozef Wonder, Kaýla Barron, Raja Çari, Metýu Dominik, Wiktor Glower, Warren Hoburg, Jonni Kim, Kristina Koç, Kjell Lindgren, Nikol A Mann, Anne Makkleýn, Jessika Meir, Jasmin Mogbeli, Keýt Rubins , Frank Rubio, Skott Tingl, Jessika Watkins, Stefani Wilson.

Taslama Trampdan 1,6 millard dollar kömek

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň «NASA»-a goşmaça 1,6 milliard dollar býudjet berendigi mälim edildi. NASA-nyň dolandyryjysy Jim Bridenstine Amerikan kosmonawtlarynyň 2024-nji ýyla çenli Aýda gonmagyny amala aşyrmak üçin işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.